Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ilçisi owgan hökümetiniň parahorluk boýunça pozisiýasynyň ‘özüni biynjalyk edýändigini’ aýtdy


Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ilçisi John Bass

Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ilçisi John Bass millionlarça dollar möçberindäki galplykda höküm edilen öňki bank dolandyryjysynyň häzirki prezidentiň saýlaw kampaniýasyna uly mukdarda pul serişdesini sowgat hökmünde berenden soňra, onuň türmeden öý tussaglygyna geçirilendigi baradaky “habarlaryň özüni biynjalyk edýändigini” aýtdy.

“Soňky onýyllygyň dowamynda halkara maliýe kömegi adamyň öz bähbidi üçin ogurlanandygy sebäpli sansyz-sajaksyz owgan raýaty kösendi” diýip, Bass “Kabul Banka” salgylanyp, 15-nji awgustda ýazan tweetinde aýtdy. 2010-njy ýylda “Kabul Bank” aglabasy halkara donorlary tarapyndan saklamaga berlen 1 milliard amerikan dollaryna golaý pul serişdesini ýitirenden soňra batypdy.

Amerikan ilçisiniň aýdanlary, ýerli media serişdeleriniň öňki bankir Halilullah Feroziniň prezident Aşraf Ganiniň kampaniýa fonduna $30 million pul serişdesini sowgat berenden soňra, onuň türme tussaglygynyň galan 1 ýylyny öýünde berjaý etjekdigi barada çap eden habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

2013-nji ýylda Ferozi we bankyň esaslandyryjysy Şerkhan Farnud bidüzgünçilige gatnaşmakda höküm edilipdi. Şonda öňki prezident Hamid Karzaýyň doganyna eldegrilmesizlik statusy berlipdi.

“Bu hereket, şol sanda korrupsiýada aýyplananlar üçin buýrugyň berjaý edilmezliginiň dowam etmegi, hökümetiň korrupsiýa garşy göreşmäge we donorlaryň goldawyny has netijeli ulanmaga ýykgynlylygyny sorag astyna alýar” diýip, Bass aýtdy.

Owganystanyň prezident edarasynyň metbugat wekili Sedik Seddiki AP habar agentligine beren maglumatynda ýerli media serişdeleriniň habarlaryny “ullakan ýalan” diýip häsiýetlendiridi we Feroziniň öý tussaglygyna geçirilmegine onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Seddiki Bassyň tweetine salgylanyp, özüniň “muny görenine örän gynanandygyny” hem belledi.

Feruzi bilen bilelikde höküm edilen Şerkhan Farnud geçen ýylyň 24-nji awgustynda türmede aradan çykypdy. Ganiniň metbugat wekili ýurduň sud ulgamy Feroziniň saglyk ýagdaýyny barlandan soňra, prezidentiň onuň öý tussaglygyna geçirilmegini tassyklandygyny aýtdy.

Ferozi höküm edilende, onuň $800 milliony yzyna gaýtaryp bermelidigi barada hem karar çykarylypdy. Seddiki Feroziniň bu pul serişdesini yzyna gaýtaryp bermegi üçin diri galmalydygyna salgylanyp, onuň öý tussaglygyna geçirilmegini “ynsanperwer akt” diýip häsiýetlendirdi.

“Giň ýaýran korrupsiýa” garşy göreşmek ýurtda parahatçylyga ýetmegi böwetleýär diýip, Waşingtonyň baş inspektory şu ýylyň başynda ýaýradan hasabatynda aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG