Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministri tussaghanadan hassahana geçirildi


Gyrgyzystanyň ozalky premýer-ministri Sapar Isakow, arhiw suraty.
Gyrgyzystanyň ozalky premýer-ministri Sapar Isakow, arhiw suraty.

Gyrgyzystanyň ozalky premýer-ministri, korrupsiýada aýyplanan Sapar Isakow, insult alamatlary sebäpli, Bişkegiň merkezindäki deslapky tussaghanadan hassahana geçirildi. Ol 2018-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanýardy.

Ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň ýakyn ýarany hasaplanylýan 42 ýaşyndaky Isakow, Milli howpsuzlyk komitetiniň maglumatyna görä, 16-njy awgustda merkezi aziýa ýurdunyň paýtagtyndaky hassahana geçirildi.

MHK bu iş boýunça başga detallary açmady.

Isakowyň 2018-nji ýylda tussag edilmegi prezident Sooronbaý Jeenbekow bilen öňki prezident Almazbek Atambaýewiň arasyndaky gapma-garşylyklaryň ilkinji alamaty boldy.

Polisiýa bilen iki güne çeken gapma-garşylykdan soň, 8-nji awgustda häkimiýetlere tabyn bolan Atambaýew 2017-nji ýylyň oktýabryndaky prezident saýlawlarynda Jeenbekowyň arkasynda berk durupdy.

XS
SM
MD
LG