Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaýladaky Romeo we Julettamy? Gadymda bir gabyrda jübüt jaýlananlar hem olara bolan gyzyklanma


Garaganda oblastynyň Taldyn kompleksleýin arheologiki toparynyň alymlary jübüt jaýlananlaryň süýegini aýan etdi.

Mundan üç müň ýyldan hem gowrak öň, biri-birini gujagyna alyp, biri-birine ýüzüni öwrüp, bir gabyrda jaýlanan ýaşlaryň takdyry arheologlary hem jemgyýetçiligi haýran galdyrdy.

Jübüt jaýlananlar Merkezi Gazagystanda Garaganda oblastynyň Taldy obasynda iş alyp barýan kompleksleýin arheologiki topary gazuw-agtaryş işlerini geçirende aýan edildi.

Daşary ýurt metbugaty ony gadym zamanyň Romeo we Julettasy diýip atlandyrdy.

“Aýan edilen şu mazar – bilelikde jaýlananlar, biz ony geçen ýyl açdyk. Bir erek hem aýal adam bir-birine ýüz öwrüp ýatyr, beýlekilerde bolsa biri beýlekisiniň gapdalynda ýatyr” diýip, arheologiki toparyň ýolbaşçysy Igor Kukuşkin žurnalistlere gürrüň berýär. Olar bürünç asyryň üçünji çärýeginiň 1-nji böleginde, biziň eramyzdan öňki iki müňünji ýylda ýaşandyrlar diýlip çaklanýar. “Olar, megerem, tanymal gatlaga degişli bolsa gerek, örän baý jaýlanypdyrlar” diýip, arheolog aýdýar.

Tapyndylara degişli köp mesele syr bolmagynda galýar. Olar bir wagtda ölenlermi ýa-da aradan ýyl geçenden soň aýaly onuň ýanynda jaýlapdyrlarmy – ol belli däl. Ýöne aýalyň äriniň ýanynda ýatmagy üçin öldürilen – gurban edilen bolmagyny-da aradan aýryp bolmaz.

Ol jübütleriň mazarynyň ýanynda bir atyň jaýlanandygy-da aýan edildi. Bu gadymy döwürde Gazagystanyň çäklerinde duş gelýän adam jaýlanyş gonamçylyklaryna häsiýetli.

Garaganda oblastyndanky jübüt jaýlananlaryň golaýyndan tapylan atyň süýekleri
Garaganda oblastyndanky jübüt jaýlananlaryň golaýyndan tapylan atyň süýekleri

​Aýalyň goşarynda ujy egrelip duran halka bar. Başga-da birnäçe bezeg şaýlary tapylypdyr; ýüzi nagyşly tegelek halkalar, gulakhalka ýa-da ysyrga hökmünde ulanylan altyn halkalar bar eken.

Häzirki gazuw-agtaryş işleriniň aktiw barýan ýeri Garaganda oblastynyň häkimiýetleri Şet raýonynda hem açyşlaryň bardygyny, şol sanda jübüt jaýlananlaryň aýan edilendigini aýtdylar, gazuw işleriniň suratlary çap boldy. Olaryň birnäçesi şol ýerdäki örän köp depeleriň biriniň aşagyndan tapylydyr. Merkezi Gazagystanyň çäklerinde ýaşan gadymy tire bolan Bigazy-dändibaý medeniýetiniň örän güýçli bolandygyny arheologlar öňe sürýär.

Gazagystanda aýan edilen örän belli arheologiki tapyndylaryň köpüsi sak taýpalaryna degişli hasaplanýar. Ol medeniýet bolsa irki demir hem giçki bürünç asyra degişlidir.

Taldy obasyndan tapylan jübütler mazaryna Romeo we Juletta diýilmegi – ol Günbatar metbugatynyň çaklamasy, ýerli ýaşaýjylar olara Kozy Köpeş bilen Baýan Sulunyň mazary bolmagy mümkin diýýär. Olar asyrlar boýy dilden-dile geçip gelen, tragiki gazak eposynyň gahrymanlarydyr. 19-njy asyrda ol şahyrana eseri halk döredijiligini ýygnaýjylar ýazga geçiripdi. Ahyry heläkçilikli tamamlanýan ol söýgi edebiýatda öz beýanyny tapdy, film surata düşürildi hem ol ýazgy YouTube’de goýuldy.

Gazagystan 2011-nji ýylda Mukaddes Walentina gününiň ornuna Kozy Köpeş hem Baýan Sulunyň hatyrasyna Aşyklar gününi girizdi, ol her ýylyň 15-nji aprelinde bellenýär.

Ýaşlar Kozy Köpeş hem Baýan Sulunyň hatyrasyna geçirilýän Aşyklar gününi baýram edýärler.
Ýaşlar Kozy Köpeş hem Baýan Sulunyň hatyrasyna geçirilýän Aşyklar gününi baýram edýärler.

​Gazagystan ýaýlada jaýlanan Romeo bilen Julettanyň mazaryna Günbataryň ünsüni çekmek isleýär. Şol mazar aýan edilenden soň, ýerli saýt TengriNews.kz “Gazagystanyň taryhyna gyzyklanma artdy” diýip ýazdy. Aýan edilen arheologiki tapyndylar ABŞ-yň Arheologiýa institutynda hem gyzyklanma döretdi. Britaniýanyň Daily Mail gazeti, informasiýa maglumatlaryny ýaýradýan World News saýty, ylmy-populýar Ancient Origins elektron neşiri hem ol açyşlara ünsi çekdi.

Mundan öň gazagystanly alymlar Garaganda oblastyndaky gadymy daş mawzoleýde gazuw işlerini geçiripdiler. Ol basgynçak-basgynçak piramida şekilli gurlupdyr. Şol mawzoleý açylandan soň, Müsürdäki belli piramidalar, belki, soň gurlandyr diýen çaklama peýda boldy. Ýöne bu tassyklanmady.

Gündogar Gazagystan aýlagynda 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda arheologlar iki adamyň mazaryny aýan etdiler, olar erkek hem aýal adam. Görnüşinden, olar ýokary gatlaga degişli bolmaly. Olaryň ýanyndan altyn şaý-sepleri bolan 13 atyň süýekleri aýan edildi.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG