Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambula ýagan agyr ýagyşda bir adam wepat boldy


Stambuldaky ýagyşly gün. Arhiw suraty

Stambulyň häkimiýetleri 17-nji awgustda ýagan agyr ýagyş we sil suwlary netijesinde şäherde bir öýsüz adamyň ýerasty geçelgede gark bolandygyny aýdýarlar.

Şäher etrapçalarynyň birnäçesine, şol sanda Fatih etrapçasyna, taryhy uly bazaryň ýerleşen ýerine zyýan ýetdi.

Düşürilen wideoýazgylar dükan eýeleriniň dyzyna çenli suwda galandygyny görkezdi.

Ýagyn 17-nji awgustda, irden başlandy we günortana golaý güýçlendi diýip, “Roýters” habar berdi.

Hereket mümkinçilikleri çäklendi, ýollaryň birnäçesi, şol sanda Bakirköý etrabynyň çägindäki ýollar suw astynda galdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG