Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo: Kabuldaky toýa edilen hüjüm adamzada garşy edilen hüjüm boldy


17-nji awgustda edilen hüjümde 63 adam öldi, başga-da 182-si ýaralandy.
17-nji awgustda edilen hüjümde 63 adam öldi, başga-da 182-si ýaralandy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Owganystanyň garaşsyzlygynyň 100 ýyllygy mynasybetli ýollan gutlagynda 17-nji awgustda Kabuldaky toýa amala aşyrylan hüjümi ýazgardy.

“Owganystanyň 100 ýyllygynda konfliktiň ýüze çykmagy gynandyryjy. Şu hepde soňy Kabuldaky toý dabarasyna edilen terroristiki hüjüm tutuş adamzada garşy edilen hüjüm boldy” diýip, Pompeo belledi.

18-nji awgustda eden çykyşynda Pompeo soňky 20 ýylyň dowamynda Owganystandaky “bilim, saglyk, infrastruktura, aýallaryň hukuklary, ykdysady mümkinçilikler we media azatlygy” ugrunda gazanylan üstünlikleri hem belläp geçdi.

17-nji awgustda edilen hüjümde 63 adam öldi, başga-da 182-si ýaralandy. Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistiki topary öz üstüne aldy.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani hüjümi “wagşylyk” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG