Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Si Jinpingi Hong Kongdaky protestçiler bilen duşuşmaga çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Hong Kongda onlarça müň demokratiýa tarapdar protestçiler tertip 11-nji hepde protest geçirýärler.

Demonstrantlar Hytaýyň aýratyn administratiw regionyna özüniň syýasy we ýuridiki täsirini güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryna garşy çykýarlar.

Şol bir wagtda, Pekin, döwlet eýeçiligindäki media we Hong Kongdaky Hytaýa tarapdar liderler Hytaýyň “durnuksyzlygy dessine basyp ýatyrmaga” taýýardygyny we eger krizis “dolandyryp bolmajak” ýagdaýa baryp ýetse, onda onuň “elini aşak sallap, seredip” oturmajakdygyny aýdypdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eger-de Hytaý Hong Kongdaky protestçilere garşy Tianamen Meýdançasyndaky ýaly basyp ýatyrmak çärelerini ulansa, onda munuň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary boýunça gepleşiklere ýaramaz täsir ýetirjekdigini duýdurdy.

Tramp Hytaýyň lideri Si Jinpingi Hong Kongdaky protestçiler bilen duşuşmaga ýene bir gezek çagyrdy.

1997-nji ýylda Beýik Britaniýa Hong Kongyň kontrollygyny Hytaýa geçiripdi. Şondan soň Hong Kong kesgitli derejedäki awtonomiýa bilen Hytaýyň aýratyn administratiw regionyna öwrüldi.

XS
SM
MD
LG