Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Makron bilen Putiniň gepleşiklerinde Ukrainanyň maslahat edilmegine garaşylýar


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (sagda) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin iýunda Osakda geçirilen G-20 sammitinde duşuşýarlar.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşýar.

Gepleşikleriň dowamynda Ukrainanyň gündogaryndaky hökümet güýçleri bilen Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasyndaky konflikti jylawlamak boýunça gepleşikleri ilerletmek ugrundaky tagallalaryň maslahat edilmegine garaşylýar.

Mundan öň, Makron Putini 2017-nji ýylda Parižiň golaýyndaky Wersal köşgünde kabul edipdi. Bu gezek fransuz prezidenti özüniň russiýaly kärdeşini Bregankon Fortdaky tomusky rezidensiýasynda kabul eder.

Iki lideriň Eýranyň ýadro programmasynyň töweregindäki dartgynlylyklary we Siriýadaky konflikti hem maslahat etmeklerine garaşylýar.

Mundan öň, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Putine Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktiň bes edilmegine ýardam bermegine çagyrypdy. Bu sebitde hökümet güýçleri bilen Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistler söweşýärler. 2014-nji ýylyň aprelinde başlanan konfliktde 13 müň töweregi adam heläk boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG