Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liderler ölenden soň, awtoritar düzgünde näme ýüze çykýar?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Birnäçe hepdeläp köpçülige görünmänsoň, onuň keseli hem ölümi barada gep-gürrüňler ýaýrady.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Birnäçe hepdeläp köpçülige görünmänsoň, onuň keseli hem ölümi barada gep-gürrüňler ýaýrady.

Awtoritar düzgünli ýurdyň baş ýolbaşçysy diňe keselden ejir çekýär – belki, ölümiň bosagasynda durýandyr. Kimiň mirasdüşer boljagy – açyk mesele bolup galýar. Şeýle düzgünli ýurtda näme bolup geçýär?

Bu mesele golaýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykbaly barada dürli habarlaryň ýaýramagy hem nämälimlikleriň döremegi bilen ýaňadan janlandy. Onuň ölümi baradaky habar 12-nji awgustda, Hazar Ykdysady forumynyň guramaçysy hökmünde birnäçe ýurtlaryň liderlerini garşy alansoň ýalana çykdy.

Ýöne Berdimuhamedowyň köpçüligiň gözünden ýitmegi hem milli telewideniýede her gün agşam görkezilýän şekiliniň görünmezligi köplere 2006-njy ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ölümini ýatlatdy.

Özüni «Türkmenbaşy» diýip tanadan S. Nyýazowyň ölümi hem 2016-njy ýylda Özbegistanyň prezidenti Islam Kerimowyň ölümi ýaly nämälim ýagdaýda boldy. Sowet döwrüniň liderleri Çernenkonyň, Andropowyň, Brežnewiň hem belli derejede Staliniň ölümi şeýleräk bolupdy.

Sowet Soýuzynyň dowam eden wagtynda bolşy ýaly, SSSR dargandan soňra-da awtoritar liderleriň ölümini wagtynda aýan etmek ýeňil iş bolmady. Bu öz aýratynlygy bilen çylşyrymly ýagdaýy döredýär. Lider ölenden soň ýurdy ýeterlik derejede dolandyryp bilmeseler munuň öňki lider barada halk arasyndaky pikirleri üýtgedip, beýle syýasatyň durmuşa ukyplydygyna şübhe döredip biler. Eger onuň yzynda oruntutary bolsa, ol şübhelenmäniň iki esse artmagy mümkin, köplenç awtoritar ýurtlarda şeýleräk bolýar.

IOSIF STALIN (1953)

Staliniň ölüminiň gurnalyşy, belki-de, awtoritar düzgündäki ýurtlar üçin okuw kitabyny ýazmaga esas bolup biler. Elbetde, geçen asyrlarda patyşalaryň hem patyşa aýallaryň ölümi, imperatorlaryň jaýlanyş mirasymy örän çylşyrymly ýagdaýda gurnalypdy. Ýöne 20-nji asyr hem içki şertlerde, hem daşarda köpçülikleýin maglumat gatnaşyklarynyň döwri boldy, ol ýa-da beýleki bir ýagdaýda aragatnaşyk guruldy, käte ony aldaw ýoly bilen ulandylar.

Stalin babatynda aýdylanda, onuň ýolbaşçylygy astynda Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasy döredildi, onuň şahsyýeti galdyrylyp, soňra oňa «şahsyýet kulty» diýildi. Köp sowet adamlary üçin Stalin hudaýyň bärisindäki adamdy, ençeme eden işleriniň daşyndan ol milletçi Germaniýanyň üstünden ýeňiş gazanypdy.

1953-nji ýylyň 1-nji martynda Stalini Moskwanyň etegindäki daçasynda huşsuz ýagdaýda gördüler, onuň beýnisine gan inipdir. Hamana ýokary gatlak wekillerini “ýok ediji” ak halatly “diwersantlara” garşy gurnalan «Wraçlaryň işi» baradaky aýyplamadan gözi gorkan doktorlar Stalini aýratyn bir bejerjek hem bolmadylar. Şondan soňky üç günde-de ol daçadaky diwanynda ýatdy.

Staliniň ýagdaýynyň ýaramazlygy baradaky ilkinji habar 4-nji martda ir ertir peýda boldy, onuň insult geçirendigini, bedeniniň belli böleginiň ysmaz bolanyny aýtdylar. Şeýle hem ol habarda serdaryň sagalaýmagyna umyt döretjek bejergi alýandygy aýdyldy.

Iosif Stalin tabytda ýatyr, Moskwada onuň bilen hoşlaşýarlar. Mart. 1953.
Iosif Stalin tabytda ýatyr, Moskwada onuň bilen hoşlaşýarlar. Mart. 1953.

5-nji mart agşamy Stalin ýogaldy. Ertesi gün irden Kremliň ýüzi orak-çekiçli gyzyl baýdagy aşak inderildi. Döwlet habar serişdeleri Staliniň ölümini yglan etdiler.

Partiýa gazeti «Prawda» nekrolog çap edip, onda sowet döwletini esaslandyryjy Wladimir Lenine aýratyn hormat goýuldy. Hamana Staliniň ölümi Kommunistik partiýanyň demir halkasyny gowşatmagyndan howatyr edýän ýaly, ol makalada onuň güýjüniň esasy şerti “polat ýaly berkliginde hem hatarlaryň bitewiliginde” diýildi.

“Staliniň ölmez-ýitmez ady sowet halkynyň we ähli progressiw adamzadyň ýüreginde müdimi ýaşar – diýlip, makalada bellendi. – Ýaşasyn Markasyň – Engelsiň – Leniniň – Staliniň bar zady ýeňiji beýik taglymaty! Ýaşasyn biziň gahryman sowet halkymyz! Ýaşasyn Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasy!”

Stalin özüne mirasdüşer boljak barada hiç bir görkezme bermändi. Onuň ölümi gününde Syýasy Býuronyň belli agzalary Georgiý Malenkow, Lawrentiý Beriýa, Wýaçeslaw Molotow, Nikita Hruşşew we beýlekiler ýurdy “kollektiwleýin dolandyrmak” üçin gepleşik geçirdiler. “Deňdeşleriň arasyndaky birinji” Malenkow boldy.

Aýan edilmeýän içki göreş tä Nikita Hruşşew Sowet Soýuzynyň lideri bolýança, ýagny sentýabra çenli dowam etdi.

LEONID BREŽNEW (1982) / ÝURIÝ ANDROPOW (1984) / KONSTANTIN ÇERNENKO (1985)

1982-nji ýylda 75 ýaşly Leonid Brežnewiň ölmegi sowet liderleriniň ölüminiň başyny başlady. Bu bolsa sowet döwleti dowam edip bilermi ýa-da ýok diýen soragy döretdi hem birnäçe gussaly degişmeleri emele getirdi.

Brežnew ömrüniň soňky bölegini köplenç kesel bilen geçirdi, köpçülige seýrek göründi. Onuň saglygynyň ýaramazlaşýandygy baradaky habary kommunistik ýolbaşçylar birnäçe gezek ýalana çykardylar.

10-njy noýabr agşamy döwlet telewideniýesi öz programmasyny üýtgetdi. Bir telekanal Lenin baradaky dokumental filmi görkezip başlady. Beýeki biri Çaýkowskiniň simfoniýasyny berdi hem onuň yzyndan üç sagatlap dowam edýän “Luw köli” baletini görkezdi.

Leonid Brežnew (1906 – 1982).
Leonid Brežnew (1906 – 1982).

Moskwa wagty bilen gije sagat 11-de sowet telewideniýesi hem radiosy Brežnewiň ölendigini resmi yglan etdiler. Şol döwrüdäki belle täzelikler programmasy «Wremýada» Iwan Kirillow ölüm baradaky habary gözüne ýaş aýlap okady.

Şondan soňra Brežnewiň maý aýynda insulty başdan geçirendigi aýdyldy. Onuň öz ornuny kime berjekdigi barada, hatda ölüm pellesinde-de belli zat aýtmakdan ýüz öwrendigi mälim boldy.

Brežnewiň ornuna KGB-niň ýolbaşçysy Ýuriý Andropow geldi. Ol baryp ýatan çilimkeşdi hem saglyk meselesinde möhüm ýetmezçilik bardy. 1983-nji ýylyň awgustynda ony böwrek keseli bilen keselhana ýerleşdirdiler. Bu ýagdaý örän gizlin saklanyp, tä ol ölýänçä aýan edilmän geldi. Onuň ölümi ýaňadan oruntutar meselesini döretdi.

Ýuriý Andropow (1914 – 1984).
Ýuriý Andropow (1914 – 1984).

Andropow 70 ýaşynyň içinde 1984-nji ýylyň 9-njy fewralynda aradan çykdy. Onuň ölümi baradaky habar aýdylmazdan birnäçe sagat öň radioda hem telewideniýede gussaly klassyky sazlar berlip başlandy. Yzyndan “Luw köli” görkezildi.

Resmi habary ýene-de Kirillow okady. Ol Andropowyň “uzaga çeken” diabetden hem gan basyşyň ýokarlanmagyndan ölendigini aýtdy.

Andropowyň ornuna gelen Konstantin Çernenko SSSR-iň lideri hökmünde Andropowdan hem az wagt; bary-ýogy 13 aý saklanyp bildi. Andropow ýaly Çernenko hem köp çilim çekýärdi, beýleki uzaga çekýän dertlerden ejir çekýärdi. Ol wagtynyň köp bölegini öýkenindäki efmizemi hem beýleki kesellerini bejertmäge sarp etdi. Lideriň saglygyndaky meseleler, şol sanda onuň ornuna kimiň boljakdygy belli derejede köpçülikden ýaşyrylýardy.

1985-nji ýylyň 22-nji fewralynda ýüz-gözi örän ýaramaz bolan Çernenkony Moskwada geçen mitingde görkezdiler. Şondan alty günden soň ol saýlawlaryň jemleri barada teleekranda çykyş etdi. Onuň uzaga çekmejekdigi bildirýärdi.

Konstantin Çernenko (1911 – 1985).
Konstantin Çernenko (1911 – 1985).

10-njy martda baş döwlet telekanaly ýene “Luw kölüni” görkezip balady. Çernenko koma düşüp, soňra ýogalypdyr. Kirillow üç ýylda yzly-yzyna üç gezek ýene-de Syýasy Býuronyň resmi maglumatyny okap başlady.

“Luw köli” Sowet Soýuzynda liderleriň ölümini aňladýan bir alamata öwrüldi. 1991-nji ýylda ýokary derejeli resmiler döwlet agdarylyşygyny geçirip, Çernenkonyň oruntutary Mihail Gorbaçewi wezipesinden çetleşdirjek bolanlarynda hem telekanallaryň göz öňünde tutulan programmalary ýatyrylyp, ornuna şol baleti görkezdiler. Şonda SSSR-iň köp adamy Gorbaçew ölendir diýip çaklapdyr.

SAPARMYRAT NYÝAZOW (2006)

Nyýazow hem onuň oruntutary Berdimuhamedow ekssentrik, ýagny takyk maksady bolmadyk geň häsiýetli awtoritar lider hasaplanýar. Ol 21 ýyllap döwlet başynda bolanynda, Türkmenistany daşary dünýäden üzňeleşdirdi, ägirt uly gory bolan gazdan gelýän söwda seretmezden, ýurt ýapyk dünýä öwrüldi.

Nyýazow hem Stalin ýaly şahsyýet kultuny döreden ekssentrik hem awtoritar ýolbaşçy boldy. Ol aýlaryň atlaryny üýtgedip, ýanwara öz adyny dakdy, aprel aýyny ejesiniň hatyrasyna berdi. Ol mekdep okuwçylaryna öz “Ruhnamasyny” okamagy girizdi, Aşgabadyň ortarasynda ägirt uly hem beýik altyn heýkelini gurdurdy. Ol ýadygärlik öz okunyň daşyndan aýlanyp, ýüzüni mydama güne tarap tutýardy.

2006-njy ýylyň 21-nji dekabry ir ertir Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi «ähli türkmeniň atasy» Nyýazowyň ölendigini habar berdi. Ol 66 ýaşynda ýürek tutgaýyndan aradan çykdy.

Saparmyrat Nyýazow (1940 – 2006).
Saparmyrat Nyýazow (1940 – 2006).

«Biziň beýik liderimizi 24-nji dekabrda jaýlamak karar edildi – diýip, telewideniýe mälim etdi. – Beýik liderimiziň hatyrasyna ýedi günläp ýas tutmak yglan edildi».

Şol gün giçlik premýer-ministriň orunbasary, Saglygy saklaýyş ministri Gurbanguly Berdimuhamedowyň wagtlaýynça döwlet ýolbaşçysy hem-de Nyýazowy jaýlamak komissiýasynyň başlygy wezipesine bellenendigi yglan edildi.

Näme üçin Berdimuhamedowyň saýlanandygy nämälim bolup galýar. Konstitusiýada ýazylyşyna görä, prezidentiň wezipesini ýerine ýetirmek Türkmenistanyň parlamentiniň başlygy Öwezgeldi Ataýewe berilmelidi. Ýöne birdenkä Ö. Ataýewiň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy mälim edildi, ol basym türmä basyldy hem Berdimuhamedowa prezident bolmaga ýol açyldy.

Berdimuhamedow bellenenden soň synçylaryň arasynda Nyýazowyň ölümi barada ol jan berenden birnäçe gün geçensoň aýdyldy diýen çaklama ýaýrady.

2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda Nyýazowyň portretiniň arkasynda türkmen klassyky kompozitorynyň gaýgyly fortepiano sazy ýaňlandy. Soňra portretiň fonunda aglaýan aýalyň sesi eşidildi, soňra telewideniýe gara geýnen ýaş türkmenleri görkezdi, olar Nyýazowyň eserlerini okaýardylar.

ISLAM KERIMOW (2016)

Islam Kerimowyň ölümi Sowet Soýuzy dargandan soňky dörän ýurtlardaky “uzak ýaşly” iki syýasatçynyň biriniň ölümi boldy (ikinjisi Gazagystandan Nursoltan Nazarbaýew, bularyň ikisi-de entek SSSR dargamanka ýurda ýolbaşçylyk edýärdiler). I. Kerimowyň ölümi 2016-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda yglan edildi, ol şonda 78 ýaşyndady. Ol 27 ýyllap döwlet başynda oturdy.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň prezidenti Islam Kerimow Hytaýa gaz akdyrmaly turba geçirijisiniň açylyş dabarasynda. 2009-njy ýylyň 15-nji dekabry.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň prezidenti Islam Kerimow Hytaýa gaz akdyrmaly turba geçirijisiniň açylyş dabarasynda. 2009-njy ýylyň 15-nji dekabry.

Soň mälim edilişine görä, Islam Kerimow 27-nji awgustda agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirilipdir. Kerimowyň ölümi baradaky ilkinji habar Merkezi Aziýanyň täzelikleri üçin ýöriteleşdirilen Fergana.ru saýtynda peýda boldy. Ýöne ol saýt Kerimowyň keselhana düşendigini aýtman, Özbegistanyň prezidentiniň agyr insulty başdan geçirip, aradan çykandygyny habar berdi. Ol maglumaty hiç bir garaşsyz çeşme tassyklap bilmedi.

Ertesi güni 28-nji awgustda Daşary işler ministrligi Kerimowyň bejergi alýandygyny habar berdi (munuň özi geň ýagdaýdy, mundan öň ol edara beýle maglumat bermeýärdi). Kerimowyň kiçi gyzy Lola muny öz Facebook sahypasynda tassyklap, kakasynyň saglyk ýagdaýynyň kadalaşýandygyny mälim etdi.

Döwlet telewideniýesiniň 29-njy awgustdaky gijeki habarlarynda Kerimowyň saglyk ýagdaýy barada bir söz hem aýdylmady.

Islam Kerimow (1938 – 2016).
Islam Kerimow (1938 – 2016).

31-ji awgustda Lola Kerimowa Facebook sahypasynda täze ýazgy galdyryp, kakasynyň, belki-de gowulaşjakdygyny mälim etdi. Ertesi gün ol başga ýazgy galdyryp, özbekleri Islam Kerimowyň saglygy baradaky galp maglumatlardan saklanmaga çagyrdy.

2-nji sentýabrda ir ertir Reuters agentligi ady agzalmaýan diplomatiki çeşmä salgylanyp, Kerimowyň ölendigini habar berdi. Hut şol gün hem Türkiýäniň premýer-ministri telewideniýede görkezilip duran hökümet maslahatynda türk halky «özbek halkynyň gynanjyny hem hasratyny bölüşýändigini» aýtdy.

Döwlet telewideniýesinden yglan edilen habaryň äheňi Kerimowyň saglyk ýagdaýy baradaky habary has çynlaşdyrdy. Şonda Kerimowyň agyr haldadygy aýdyldy. Ýerli wagt bilen agşam sagat 10-da döwlet telewideniýesi onuň ölümi baradaky habary mälim etdi.

Munuň yz ýanyndan yglan edilen medisina barlaglarynyň soňky netijesine görä, Kerimow 27-nji awgustda keselhana getirilipdir. Ondan iki gün öň onuň keselhana düşendigi baradaky ilkinji habar peýda bolupdy, onda insulty başdan geçirendigi, ýüreginiň işlemeýändigi aýdylypdy. Kerimowyň kliniki ölüminiň 27-nji awgusta ýüze çykyp, soňky günlerde ol jan saklaýjy apparatlaryň täsirinde ýatan bolmagy mümkin.

Özbegistanyň döwlet telewideniýesi Kerimowyň dogduk şäheri Samarkantda onuň jaýlanyşyna görülýän taýýarlyklar baradaky sýužetleri görkezdi. Telekanalyň beren maglumatyna görä, gabyr gazýanlara kömekleşenleriň biri Şawkat Mirziýaýew bolmaly, netijede ol Kerimowyň prezidentlik ornuny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG