Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi Merkezi Aziýa sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dawid Hale
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dawid Hale

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dawid Hale (David Hale) 20-23-nji awgust aralygynda Merkezi Aziýa döwletlerine sapar edýär.

Saparyň esasy maksady 21-nji awgustda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň sammitine gatnaşmakdan ybaratdyr.

“C5+1” hem diýlip bilinýän bu sammitde Hale Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyp, ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer.

“C5+1” formatyndaky gepleşikler 2015-nji ýylyň noýabrynda esaslandyrylypdy.

Sammitden soň, Hale özbek resmileri bilen duşuşmak üçin Daşkende hem sapar eder.

XS
SM
MD
LG