Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek resmileri Gülnara Kerimowa garşy täze jenaýat işini gozgadylar


Gülnara Kerimowa. (arhiw suraty)

Özbek resmileri ýurduň ozalky prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdiler. Kerimowa gaplykda aýyplanyp martdan bäri Daşkentdäki türmede tussaglykda saklanylýar.

Baş prokuraturanyň 19-njy awgustda beren maglumatyna görä, Kerimowa döwletiň eýeçiligindäki iki sement desgasynyň paýlaryny bikanun satyn almakda, soňy bilen-de olary daşary ýurtly telekeçä satmakda aýyplanýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, onuň daşary ýurtly telekeçileriň “bikanun hereketlerine howandarlyk etmegi netijesinde, ýurduň bähbitlerine aýratyn uly derejede zyýan ýetirilipdir”.

Mundanam başga, Kerimowanyň ençeme kompaniýanyň eýelerine “haýbat atyp”, olaryň kärhanalaryny elinden almakda hem şübhelenýändigi bellenilýär.

Kerimowanyň aklawçysy täze aýyplamalar boýunça Azatlyk Radiosyna kommentariýa bermekden ýüz öwürdi.

Martda 47 ýaşly Kerimowanyň öý tussaglygynyň şertlerini bozandygy aýdylyp, ol türmä ýerleşdirildi. 2015-nji ýylda ol galplykda we zorlukda aýyplanyp, bäş ýyl tussaglyga höküm edilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG