Hindistanyň howpsuzlyk güýçleri 21-nji awgustda Kaşmirde ýüze çykan ok atyşykda güman edilýän jeňçini öldürdi diýip, polisiýa maglumat berýär.
Bu şu aýda Nýu-Deliniň gürrüňi gidýän sebitiň aýratyn statusyny ýatyranyndan soň dörän ilkinji çaknyşyk boldy.
Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan Baramulla sebitinde ýüze çykan hadysada polisiýanyň bir ofiseri hem heläk boldy.
Bu aralykda, Pakistan Kaşmiriň de-facto, ýagny iş ýüzündäki serhedinden hindi güýçleriniň ot açmagy netijesinde parahat ilatyň arasyndan üç adamyň ölendigini aýdýar.
Hindi mediasynyň beren maglumatyna görä, 19-njy awgustda pakistan esgerleriniň serhet araçäginiň golaýyndaky Poonç etrabynyň obalaryna garşy ot açanda dört hindi egeri ölüpdir, ýene biri ýaralanypdyr.