Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy oppozisiýadaky syýasatçy Tekebaýewiň gaýtadan sud edilmegini buýurýar


Tekebavewiň goldawçylary protest bildirýär. Arhiw suraty
Tekebavewiň goldawçylary protest bildirýär. Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy oppozisiýadaky syýasatçylar Ömürbek Tekebaýewiň we Duýşenkul Çotonowyň türme hökümlerini ýatyryp, gaýtadan sud edilmegini buýurdy.

21-nji awgustda çykarylan sud karary esasynda bu iş, “üsti açylan täze ýagdaýlar” bilen baglylykda, täzeden seretmek üçin Bişkegiň Birinji maý etrap suduna, yzyna iberildi.

Tekebaýew we onuň iş şärigi, ozalky adatdan daşary ýagdaýlar ministri Çotonow 2017-nji ýylda para almakda günäli tapylyp, hersi sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Olaryň ikisi hem bu aýyplamany ret etdi.

Olaryň aklawçylary şikaýat arzasyny ýazyp, sud seljerişligindäki baş şaýadyň, rus biznesmeni Leonid Maýewskiniň sudda ýalan sözländigini aýtdylar.

Oppozisiýadaky Ata Meken partiýasynyň lideri Tekebaýew bu jenaýat işiniň syýasy äheňlidigini, özüni 2017-nji ýylyň oktýabryndaky prezident saýlawlaryna goýbermezlik üçin toslanyp tapylandygyny aýdyp, aýak depdi.

Tekebaýew we Çotonow 2017-nji ýylyň awgustynda Maýewskiden 2010-njy ýylda, Tekebaýewiň premýer-ministriň orunbasary bolup işlän wagtynda 1 million dollar para almakda günäli tapyldy.

Tekebaýew 2017-nji ýylyň fewralynda, şol wagtky prezident Almazbek Atambaýewiň açyk tankytçysyna öwrülenden birnäçe aý soňra tussag edildi.

XS
SM
MD
LG