Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prokurory öý tussaglygyna ýerleşdirildi


Gyrgyzystanyň ozalky baş prokurory Indira Joldubaýewa. (arhiw suraty)
Gyrgyzystanyň ozalky baş prokurory Indira Joldubaýewa. (arhiw suraty)

Gyrgyzystanyň ozalky baş prokurory Indira Joldubaýewa korrupsiýa aýyplamalary esasynda öý tussaglygyna ýerleşdirildi.

Içeri işler ministrligiň 22-nji awgustda beren maglumatyna görä, Joldubaýewa 2013-nji ýylda belli jenaýatçy Aziz Batukaýewiň möhletinden ir tussaglykdan boşadylmagy bilen baglylykda aýyplanýar. Şol döwür, ol prezident edarasynyň adalat pudagyndaky reformalar departamentine ýolbaşçylyk edýärdi.

2015-nji ýylda Joldubaýewa ýurduň baş prokurory boldy. Onuň kandidaturasyny şol wagtky prezident Almazbek Atambaýew hödürläpdi.

Joldubaýewa geçen ýyl wezipesinden boşadyldy.

Uly jenaýatlary, şol sanda gyrgyz kanunçykaryjysyny we Içeri işler ministrliginiň resmisini öldürmekde aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilen Batukaýew 2013-nji ýylda, leýkemiýa keseli tapylanyndan soň, möhletinden öň azatlyga goýberilipdi.

Soňundan oňa goýlan saglyk diagnozynyň galpdygy aýan boldy.

Batukaýewiň azat edilmegi bilen baglylykda, 20-ä golaý gyrgyz resmisine, şol sanda Atambaýewe hem aýyplama bildirildi.

XS
SM
MD
LG