Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny, suduň onuň tussaglyk möhletini uzaltmakdan ýüz öwüreninden soň, azatlyga goýberildi.
Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyş özüniň Twitter hasabynda onuň 23-nji awgustda ir bilen tussaghanadan çykyp barýan suratlaryny çap etdi.
Kremliň belli tankytçysy Nawalny geçen aý, adamlary rugsat berilmedik proteste çagyrmakda aýyplanyp, 30 gün tussaglyga höküm edilipdi.
Türmede wagty Nawlany ýüzünde örgünleriň çykmagy sebäpli keselhana hem ýerleşdirilipdi. Lukmanlar munuň allergriýa reaksiýasy bolandygyny aýtdylar. Nawalnynyň käbir tarapdarlary onuň zäherlenen bolan bolmagynyň mümkindigini hem çakladylar.
Nawalnynyň saklanan türmesiniň başlygy, onuň keselhanada saklanan günleriniň öwezine, onuň tussaglyk möhletiniň uzaldylmagyny sorady. Emma, Moskwanyň sudy muny ret etdi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?