Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowetleriň simwollary “gülkünç” däl diýip, Litwa Amazona ýüzlendi


Orak bilen çekijiň suraty ýerleşdirilen maýka

Litwa ABŞ-nyň onlaýn lomaý söwda kompaniýasy Amazona ýüzlenip, sowetleriň simwoly bolan orak bilen çekijiň suraty ýerleşdirilen egin-eşikleriň sowet döwrüniň pidalaryna garşy hormatsyzlykdygyny aýdyp, olaryň söwdadan aýrylmagyny sorady.

“Tutuş dünýäde gazaplylygyň artýan pursady, hiç kim, şol sanda ‘gülkünç’ simwollara hem parhsyz garamaly däldir” diýip, Baltik döwletiniň garaşsyzlykdan soňky prezidenti Wytautas Landsbergis Amazonyň esaslandyryjsysy Jeff Bezosa ýollan açyk hatynda belledi.

86 ýaşly Landsbergis sowetler bilen bagly simwollary “kommunistik tiraniýasy” atlandyrdy.

Litwanyň daşary işler ministri Linas Linkewiçius ozalky prezidentiň hatyna goldaw bildirdi, şeýle-de öz diplomatlarynyň sowet simwollaryny aýyrmak barada Amazona haýyş bilen ýüz tutandyklaryny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG