Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, “Talyban” owgan parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryny geçirýärler


ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň we “Talyban” toparynyň wekilleri Katarda Owganystandaky dowam edýän 18 ýyllyk urşy tamamlamak ugrundaky gepleşikleriň nobatdaky tapgyryna başladylar.

ABŞ resmileriniň we “Talyban” toparynyň metbugat wekiliniň maglumatyna görä, gepleşikleriň 9-njy tapgyry 22-nji awgustda Kataryň paýtagty Dohada başlanypdyr.

Associated Press agentliginiň maglumatyna görä, jeňçi topary bilen gepleşiklere ýolbaşçylyk edýän ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halilzad 21-nji awgustda “Talybanyň” esasy araçysy Molla Abdul Ghani Baradar bilen ikiçäk duşuşyk geçiripdir.

Mundan ozalky gepleşiklerde ABŞ-nyň güýçleriniň Owganystandan çykarylmagy, ok atyşyklaryň bes edilmegi, Owganara dialogyň ýola goýulmagy ýaly meseler maslahat edilipdi.

“Talyban” häzire çenli owgan hökümetiniň wekilleri bilen gönümel gepleşikleri geçirmekden ýüz öwrüp gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG