Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýedilik toparynyň liderleri Fransiýada Eýran, Orsýet, Amazon tokaýlary meselelerini maslahatlaşýar


Fransuz prezidenti Emmanuel Makron söz sözleýär. Pariž, 23-nji awgust, 2019.
Fransuz prezidenti Emmanuel Makron söz sözleýär. Pariž, 23-nji awgust, 2019.

Senagatlaşan döwletleriň baş ýediligini öz içine alýan G7 toparynyň liderleri günorta Fransiýada jedelli boljaga meňzeýän sammite toplandylar. Sammitiň gün tertibinde Eýranyň ýadro programmasy we Orsýetiň bu topara gaýtadan kabul edilmek ähtimallygy ýaly meseleler bar.

24-nji awgustda Biarritz kurort sebitinde, fransuz prezidenti Emmanuel Makronyň beýemçiliginde başlanýan iki günlük sammite gatnaşýan liderleriň arasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Britaniýanyň täze premýer-ministri Boris Jonson dagy hem bar.

Tramp Waşingtondan ugramazyndan öň žurnalistlere 7-lik toparynyň agzalary bilen “örän netijeli” gepleşiklere garaşýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Fransiýany ABŞ-nyň Google we Facebook ýaly tehniki läheňlerine söwda salgydyny girizmek planlaryny goýbolsun etmäge çagyrdy, ýogsa fransuz çakyrlaryna tarif girizjekdigini aýdyp, haýbat atdy.

G7 toparynyň sammitine Germaniýanyň, Kanadanyň, Italiýanyň we Ýaponiýanyň liderleri bilen bilelikde, myhman hökmünde, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi hem gatnaşar we beýleki gatnaşyjylar bilen özbaşdak duşuşyk geçirer, belki-de Kaşmir krizisi barada maslahat eder.

Makron Braziliýadaky ýagyş tokaýlarynda dowam edýän weýrançylykly ýangyn bilen baglylykda, biologiki dürlüligi goraýan düzgünnama gol çekmegi üçin Trampa basyş etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG