Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň “Soýuzy” Halkara kosmos stansiýasyna birigip bilmedi


“Soýuz” kosmos gämisi 22-nji awgustda, Gazagystanyň Baýkonur kosmodromyndan uçuryldy.
“Soýuz” kosmos gämisi 22-nji awgustda, Gazagystanyň Baýkonur kosmodromyndan uçuryldy.

Üsti adamsyz, Orsýetiň ilkinji adama meňzeş robotyny alyp barýan “Soýuz” kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna birigip bilmedi.

Orsýetiň “Roskosmos” kosmos agentligi 24-nji awgustdaky birleşmek şowsuzlygynyň sebäbini birikmek ulgamyndaky problema bilen düşündirdi.

“Roskosmosyň” resmileri biraz soň indiki birikmek synanyşygynyň 26-njy awgustda geçiriljekdigini aýtdylar.

Orsýetiň TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, “Soýuz” gämisi birikmek synanyşygyny bes etmezinden öň Halkara kosmos stansiýasyna birleşmek üçin 96 metr golaý aralyga geldi.

NASA we “Roskosmos” Kosmos stansiýasynyň alty adamdan ybarat ekipažyna hiç bir wehimiň abanmandygyny aýtdy.

Gysgaça ady FEDOR diýlip atlandyrylan synag roboty ýeriň orbitasyna “Soýuz” kosmos gämisinde 22-nji awgustda, Gazagystanyň Baýkonur kosmodromyndan uçuryldy.

XS
SM
MD
LG