Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet suwasty gämilerinden ballistik raketalary synag etdi


Orsýet Demirgazyk buzly okeandaky we Baransew deňzindäki suwasty gämilerinden iki raketany synag etdi.

Orsýet Demirgazyk buzly okeandaky we Baransew deňzindäki suwasty gämilerinden iki raketany – suwuk ýangyçly kontinentara “Sinawany” we goýy ýangyçly täze “Bulawany” atyp, demirgazyk Arhangelsk regionyndaky we Uzak Gündogardaky Kamçatka ýarymadasyndaky nyşanalary urandygyny aýdýar.

24-nji awgustdaky synaglar, Orsýetiň Goranmak ministrliginiň çap eden wideosynda görkezilmek bilen, ABŞ-nyň gury ýerden atylan ganatly raketa synagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Orsýet ABŞ synagynyň Orta aralyga ýetýän ýadro güýçleri şertnamasyny bozandygyny aýdýar. Waşington bu şertnamadan çekildi.

Birleşen Ştatlar Orsýetiň bu şertnamanyň düzgünlerini berjaý etmändigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG