Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Kong polisiýasy öten agşamky protestlerde otuza golaý adamy tussag etdi


Hong Kong protestleri
Hong Kong protestleri

Hong Kong polisiýasy Aziýanyň dartgynlykdaky maliýe merkezinde öten agşam hökümete garşy protestçiler bilen bolan çaknyşyklar mahalynda 29 adamy tussag etdi.

Aktiwistleriň doly demokratiýany talap etmekleri we territoriýanyň ýolbaşçylarynyň işden çekilmegi üçin basyş görkezmekleri netijesinde 25-nji awgustda hem demonstrasiýalaryň bolmagyna garaşylýar.

Ýarym awtonom Hong Kong regionyndaky protestler 11 hepde ozal, hökümetiň ekstradisiýa baradaky kanun taslamasyny ýatyrmagy baradaky çagyryşlar bilen başlandy we soňra talaplar giňäp, köpçülikleýin köçe hereketlerine ýazdy we Hytaýyň goşulyşmak wehimlerini döretdi.

Ozalky britan koloniýasyndaky protestler 1997-nji ýylda Hytaýa gaýtarylyp berleli bäri iň agyr krizis ýagdaýyna girdi we Pekindäki kommunistik partiýanyň dolandyryjylary üçin uly synaga öwrülýär.

Hong Kong polisiýasy 24-nji awgustda polisiýa stansiýasynyň golaýynda toplanýan protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

XS
SM
MD
LG