Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürjüstanyň bölüniji regiony Abhaziýada prezident saýlawlary geçirilýär


Rus prezident Wladimir Putin (Ç) Abhaziýanyň lideri Raul Hadžimba bilen metbugat ýygnagyna gatnaşýar. Arhis suraty

Gürjüstanyň bölüniji regiony Abhaziýa 25-nji awgustda, iş başyndaky separatist kideri Raul Hadžimbanyň sekiz kandidat bilen bäsleşmegi netijesinde, prezident saýlawlaryny geçirýär diýip, ýerli saýlaw resmileri aýdýar.

Separatist saýlaw häkimiýetleri tutuş Abhaziýa boýunça 152 saýlaw stansiýasynda ses bermek üçin 116 müň adamyň hasaba alnandygyny aýtdylar. Orsýet Abhaziýany 2008-nji ýylda Gürjüstana garşy bolan gysga uruşdan soň garaşsyz ýurt hökmünde ykrar etdi.

Tbilisi we Günbatar döwletleri Orsýetiň goldaýan separatist regionlarynda, Gürjüstanyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa sebitlerinde geçirilen öňki saýlawlary, bikanun atlandyrmak bilen, ýazgaryp çykyş etdi.

Abhaziýada prezidenti bäş ýyllyk saýlamak üçin geçirilýän ses berişliklerde kandidat azyndan 50 prosent ses alyp bilse, separatist häkimiýetler tarapyndan ýeňiji diýlip ykrar edilýär. Ikinji tapgyrda bäsleşmek üçin kandidat birinji tapgyrda sesleriň ýaryndan gowragyny almaly.

Şu aýda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda bolan bäş günlük urşuň 11 ýyllygy bellenilýär, şol uruşdan soň Tbilisi öz Abhaziýa we Günorta Osetiýa sebitlerini, gürji topraklarynyň 20 prosentini elden giderdi. Orsýet şondan bäri bu iki regionda öz goşunlaryny saklaýar.

Abhaziýa bilen Günorta Osetiýany diňe az sanly ýurt ykrar etdi, Moskwanyň bu regionlardaky separatizmi goldamagy halkara ýazgaryşlaryna sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG