Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran sudy satirik ýazyjyny 23 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi


Kioomars Marzban

Eýran sudy ýazyjy we satirik Kioomars Marzbany beýleki aýyplamalar bilen birlikde Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlykda hem aýyplap, 23 ýyl 9 aý türme tussaglygyna höküm etdi.

Onuň aklawçysy Mohammad Hossein Aghasi 24-nji awgustda AÝ/AR-a Marzbanyň duşmançylykly döwlet bilen hyzmatdaşlykda, sistema garşy wagyz ýaýratmakda we mertebeli adamlary hem-de resmileri masgaralamakda aýyplanyp, sud edilendigini we günäli tapylandygyny aýtdy.

Aghasi özüniň bu hökümden şikaýat etjekdigini, sebäbi öz müşderisiniň “ gülküli zatlary ýazyp, metbugatda çap etmekden başga” hiç bir zat etmändigini aýtdy.

Eger höküm güýjünde galdyrylsa, 28 ýaşyndaky ýazyjy iň uzak jeza çekende 10 ýylyny türmede geçirer.

Waşingtonda ýerleşýän Adam hukuklary kampaniýasynyň maglumatyna görä, Marzban Eýrany 2009-njy ýylda terk etdi we sekiz ýyl soň, hassa enesini görmäge gelende, geçen ýylyň sentýabrynda tussag edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG