Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donbas konfliktinde bir ukrain esgeri öldi, başga-da üçüsi ýaralandy


Donbasdaky ukrain esgerleri. (arhiw suraty)
Donbasdaky ukrain esgerleri. (arhiw suraty)

Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitinde Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen Kiýewiň hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşykda bir ukrain esgeri öldi, başga-da üçüsi ýaralandy.

Harbylaryň berýän maglumatyna görä, esgerlere garşy “granatamýotlardan, mergen tüpeňlerinden, agyr we ýeňil ýaraglardan” ot açylypdyr.

Hadysada 20 ýaşyndaky Witaliý Sobko heläk boldy.

2014-nji ýylyň aprelinde Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde Russiýa tarapynda goldanylýan separatistler ellerine ýarag alyp, hökümet güýçlerine garşy çykdylar. Şondan bäri konfliktde 14 müňe golaý adam heläk boldy.

Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna jogap edip, Ýewropa Bileleşigi, ABŞ we beýleki döwletler Moskwa garşy sanksiýalary girizdiler.

Şu ýylyň iýulynda konfliktde 66 ukrain esgeri öldi diýip, Ukrainanyň censor.net habar portaly maglumat berýär.

XS
SM
MD
LG