Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hong Kong polisiýasy öten agşamky protestlerde 36 adamy tussag etdi


25-nji awgustda Tsuen Wan etrabynda polisiýa bilen ýüze çykan çaknyşyklarda 36 protestçi tussag edildi.

Hong Kongda öten agşamky hökümete garşy protestlerde polisiýa demonstrantlara garşy ilkinji gezek suw toplaryny ulandy; şeýle-de, azyndan bir polisiýa işgäri çaknyşyklar mahaly ýaragyny çykaryp, duýduryş okuny atdy.

Aziýanyň dartgynlykdaky maliýe merkezinde geçen dynç günleriniň dowamyndaky protestlerde 65 protestçi tussag edildi.

25-nji awgustda Tsuen Wan etrabynda polisiýa bilen ýüze çykan çaknyşyklarda 36 protestçi tussag edildi. Bikanun ýagdaýda ýygnanmak, polisiýa garşylyk görkezmek aýyplamalary esasynda tussag edilenleriň arasynda 12 ýaşly bir çaga hem bar.

Hong Kong polisiýasy 24-nji awgustda polisiýa stansiýasynyň golaýynda toplanýan protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Ýarym awtonom Hong Kong regionyndaky protestler 11 hepde ozal, hökümetiň ekstradisiýa baradaky kanun taslamasyny ýatyrmagy baradaky çagyryşlar bilen başlandy we soňra talaplar giňäp, köpçülikleýin köçe hereketlerine ýazdy we Hytaýyň goşulyşmak wehimlerini döretdi.

Şondan bäri protestlerde 830 adam tussag edildi.

Ozalky britan koloniýasyndaky protestler 1997-nji ýylda Hytaýa gaýtarylyp berleli bäri iň agyr krizis ýagdaýyna girdi we Pekindäki kommunistik partiýanyň dolandyryjylary üçin uly synaga öwrülýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG