Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Makron G7 sammitinde Amazonadaky ýangynlaryna garşy çäreleriň maslahat edilendigini aýdýar


G7 liderleri we myhmanlary. Biarritz, Fransiýa. 25-nji awgust.

Dünýäniň senagatlaşan öňdebaryjy ýurtlarynyň G7 toparynyň liderleri 26-njy awgustda Fransiýanyň kenarýaka şäheri Biarritzdäki sammitini jemläp, dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini, şol sanda Amazonanyň tropik tokaýlaryndaky ýangynlary maslahat etdiler.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň aýtmagyna görä, sammite gatnaşýan liderler “tehniki we maliýe hemaýatyny bermek” baradaky mümkin ylalaşygyň şertlerini ylalaşypdyrlar.

G7 toparyna: ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Britaniýa we Kanada girýär.

Amazon tutuş dünýäniň daşky gurşawy üçin möhüm rol oýnaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG