Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürjüstanyň bölüniji regiony Abhaziýada Tblisiniň ýazgaran “prezident saýlawlary” geçdi


Separatist saýlaw häkimiýetleri tutuş Abhaziýa boýunça 152 saýlaw stansiýasynda ses bermek üçin 116 müň adamyň hasaba alnandygyny aýtdylar.

Gürjüstanyň bölüniji regiony Abhaziýada sepatist lider Raul Hadžimba we Amtsakhara oppozisiýa partiýasynyň lideri Alkhaz Kwitsiniýa prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda bäsleşerler.

Mundan öň, 25-nji awgustda gürji prezidentiniň “galp” diýip atlandyran “prezidentlik saýlawlary” geçipdi.

Separatist saýlaw häkimiýetleriniň 26-njy awgustda beren maglumatyna görä, Hadžimba we Kwitsiniýa degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýeläpdirler.

Separatist saýlaw resmileri, tutuş Abhaziýa boýunça 152 saýlaw stansiýasynda ses bermek üçin 116 müň adamyň hasaba alnandygyny aýtdylar.

Russiýa Abhaziýany 2008-nji ýylda Gürjüstana garşy bolan gysga uruşdan soň garaşsyz ýurt hökmünde ykrar edipdi.

Gürji prezidenti Salome Zurabişwili saýlawlary “galplyk” diýip häsiýetlendirdi.

“Abhaziýa resmileri de facto bikanun prezidentlik saýlawlaryny geçirýärler. Gürjüstan bu galplygy milli özygtyýarlyga garşy edilen ýene bir gazaplylyk hökmünde ýazgarýar” diýip, Zurabişwili Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG