Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentdäki sakgallara garşy kampaniýa tankyda uçrady


Facebookda Jamoliddin Muhammdajon bazarda tussag edilip, sakgallynyň zor bilen syrdyrylandygy barada ýazgy galdyrdy.
Facebookda Jamoliddin Muhammdajon bazarda tussag edilip, sakgallynyň zor bilen syrdyrylandygy barada ýazgy galdyrdy.

Özbegistanda resmileriň Daşkendiň bazarlarynyň birinde sakgally onlarça erkek kişini tussag edip, olaryň sakgallaryny zor bilen syrdyrmagy tankyda uçrady.

Daşkendiň Malika bazarynyň söwdegärleriniň biri Azatlyk Radiosyna atlandyrylmasyzlyk şerti bilen başyndan geçenleri gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, 23-nji awgustda polisiýa sakgally onlarça erkek kişini tussag edip, polisiýa edarasynda zor bilen sakgallaryny syrmaga mejbur edipdirler.

Facebook sosial ulgamynda Jamoliddin Muhammdajon atly şahsyýet hem bazarda tussag edilip, sakgallynyň zor bilen syrdyrylandygy barada ýazgy galdyrdy.

2016-njy ýylda häkimiýet başyna Şawkat Mirziýoýew geçeli bäri, dini azatlyklara girizilen çäklendirmeleri gowşatmak ugrunda käbir ädimler ädilip başlanypdy.

Emma, Özbegistanda din heniz hem resmileriň berk gözegçiligi astynda saklanylýar.

Özbek hökümetiniň mekdeplerde entegem hijaby gadagan edýändigi bellenilýär.

1998-nji ýylda kabul edilen kanuna laýyklykda, dini wekillerinden başga kişilere jemgyýetçilik ýerlerinde dini lybaslary geýmegi gadagan edilýär.

Mundan ozal-da, hökümetiň yslam radikalizmine garşy alyp barýan söweşiniň çäklerinde polisiýanyň uzyn sakgally erkekleri tussag edendigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

XS
SM
MD
LG