Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, “Talyban” parahatçylyk gepleşikleri tertip bäşinji gün dowam edýär


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

Kataryň paýtagty Dohada Owganystandaky 18 ýyl bäri dowam edýän urşy togtatmak ugrundaky gepleşikler tertip bäşinji gün dowam edýär.

AFP agentliginiň maglumatyna görä, ABŞ-nyň we “Talyban” toparynyň wekilleriniň arasyndaky maslahat gije ýaryna çenli dowam edipdir.

Mundan öň, jeňçi topary ylalaşygyň tehniki ýagdaýlarynyň ylalaşylandygyny mälim edipdi.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad parahatçylyk ylalaşygynyň “Talybanyň” Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabulyň hökümetine garşy alyp barýan söweşini öz içine almaýandygy baradaky çaklamalary ret etdi.

“Biz owgan güýçlerini häzirem, talyplar bilen baglaşyljak islendik ylalaşykdan soň hem gorarys” diýip, Halilzad gepleşikleriň dokuzynjy tapgyrynyň dowamynda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

ABŞ-“Talyban” gepleşikleriniň ozalky tapgyrlarynda ABŞ-nyň güýçlerini ýurtdan çykarmak, ok atyşyklary bes etmek, owganara gepleşiklerini ýola goýmak ýaly meseleler maslahat edildi.

“Talyban” häzire çenli owgan hökümeti bilen gönümel gepleşikleri geçirmekden ýüz öwrüp gelýär.

“Talyban” baglaşyljak islendik ylalaşygy yglan etmek üçin metbugat ýygnagynyň çagyryljakdygyny, şeýle-de oňa Hytaýyň, Russiýanyň we BMG-niň wekilleriniň hem gatnaşjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG