Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda maýyplygy tassyklatmak üçin ‘para bermeli’


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda maýyplara berilýän döwlet kömek puluny almak üçin oňa ýüz tutýan adamlar dürli kynçylyklara duçar bolýar.

Synasynyň mümkinçilikleri çäkli adamlaryň arasynda döwlet ýeňilliginden peýdalanmak isleýänler hassahanalaryň öňündäki nobatlardan we maýyplyk hatyny almak üçin soralýan paradan şikaýat edýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde işleýän Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy 27-nji awgustda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän döwlet hassahanasyndan maýyplyk hatyny almak üçin ýerli ýaşaýjylaryň uzyn nobatlara garaşmaga mejbur bolýandyklaryny habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, etrap hassahanasynda her hepdäniň sişenbe güni sagat 9:00 – 13:00 aralygynda raýatlaryň ýüztutmalary kabul edilýär.

“Maýyplaryň ýakyn hossarlary bir gün öňünden gije gelip, nobata ýazylýar” diýip, habarçy maglumat berdi.

Ol 27-nji awgust güni Wekilbazaryň etrap hassahanasyna maýyplyk hatyny almak üçin garaşýan adamlaryň sanynyň 100-den aşandygyny aýdýar. Adamlar hassahananyň öňünde döreýän uzyn nobatlara ýörite nobat depderçelerini tutmak arkaly gözegçilik edýärler.

Habarçy welaýatdan ýörite ugradylan komissiýanyň käbir adamlary nobatsyz kabul edip, 'bidüzgünçilige' ýol berýändigini aýdýar.

Türkmenistanda ýaş çagaly enelere we synasynyň mümkinçilikleri çäkli, ýagny maýyplygy bolan adamlara döwlet tarapyndan kömek pullary berilýär, olara käbir sosial ýeňillikler döredilýär.

Muny almaga isleg bildirýän raýatlaryň maýyplyk derejesi döwlet hassahanalarynda tassyklanýar. Hassahanalardan alnan güwähat esasynda sosial üpjünçilik edaralary raýatyň maýyplyk derejesine görä oňa döwletden beriljek kömek puluň, sosial ýardamyň möçberini kesgitleýär.

Habarçynyň gürrüň bermegine görä, döwletden degişli kömek puluny almak üçin raýat her ýylda bir gezek ýörite barlagdan geçmeli.

“Nobata garaşýan adamlar komissiýadan geçmek üçin her ýyl 400 manat möçberinde para bermeli bolýandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy nobata garaşýan adamlaryň ençemesiniň sözlerine salgylandy.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap hassahanasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, agzalýan parany tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Habarçynyň sözlerine görä, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda maýyplara berilýän döwlet kömek puluny almak üçin birinji gezek ýüz tutýan adamlaryň arasynda ýörite komissiýadan geçmek üçin 3000-6000 manat aralygynda para berendiklerini aýdýan adamlar bar.

“Maýyplyk göze görnüp duran bolsa, ony para bermezden tassykladýanlar hem bar” diýip, habarçy sözüne goşýar.

“Daýzam komissiýadan geçdi. Ýöne ol 300 manat para beripdir. Ozal 2 gezek keselhanada-da ýatyp çykan ekeni” diýip, bir ýaşaýjy 27-nji awgustda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“[Parany] kime berdiň diýip sorasam, ol etrap lukmanlarynyň birine berendigini aýtdy” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüňdeşiniň sözüni getirýär.

Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlara döwlet kömek pullarynyň berilmegini “Türkmenistanyň Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Hakynda Kodeksi” düzgünleşdirýär.

Azatlyk Raidosy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen habarlaşyp, maýyplygy bolan adamlara döwlet kömek pullarynyň berilmegi bilen bagly kynçylyklar boýunça goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmen metbugatyna görä, Türkmenistanyň döwlet býujetiniň 80% golaýy her ýyl durmuş zerurlyklaryna gönükdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG