Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Orsýet bilen tussag alyşmagyň tamamlanandygyny ret edýär


 Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň edarasy
Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň edarasy

Tussaglary alyşmak prosesi dowam edýär diýip, Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň metbugat sekretary Ýelena Gitlýanskaýa Feýsbukda habar berdi.

Hormatly žurnalistler, tussaglary alyşmagyň çylşyrymly prosesi dowam edýär. Sabyr-kanagat ediň, bu uzaga çekmez diýip umyt edýärin. Barlanmadyk maglumatlary ýaýratmak gadagan edilýär...” diýip, Gitlýanskaýa ýazdy.

Tussag alyşmagyň eýýäm tamamlanandygy barada çykan tassyklanmadyk maglumatlaryň yzysüre, Ukraina Orsýet bilen tussag alyşmak barada geçirilýän gepleşikleriň şindem dowam edýändigini, heniz tamam bolmandygyny aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Krym bölümi 24 deňizçiniň garyndaşlarynyň biriniň olaryň eýýäm azat edilendigi barada aýdan sözlerini habar berenden soň, Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenskiniň sözçüsi 30-njy awgustda Feýsbukda şeýle mazmunly ýazgy galdyrdy.

30-njy awgust agşamy habar serişdelerinde Ukraina bilen Orsýetiň tussag edilen raýatlary alşandygy hakynda habar berildi.

Soňky hepdelerde metbugatda Orsýet bilen Ukrainanyň her tarapdan 33 tussagy boşatmak barada ylalaşyga gelendigi hakynda habarlar ýaýrady.

Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenskiý 23-nji awgustda Ukraina bilen Orsýetiň arasynda tutulyp saklanýan raýatlary aklyşmak barada geçirilýän gepleşikleriň ýakyn wagtda ilkinji netijeleriniň belli bolmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Orsýet tarapyndan tutulyp saklanylýan 24 ukrain deňizçisi azat edildi diýip, AÝ/AR-nyň Krym bölümi has uly tussag alşygy barada çykan tassyklanmadyk maglumatlaryň arasynda habar berdi.

"Biz bu habary alan badymyza Kiýewe ugradyk” diýip, deňizçileriň biriniň garyndaşy 30-njy awgustda irden aýtdy. Žurnalistleriň gürrüňdeşleriniň aýtmaklaryna görä, “aeroportda garşy alyş planlaşdyrylmaýar”.

Bu maglumatlar Ukrainanyň baş prokurory ukran parlament agzasynyň aýdan sözlerini gaýtadan çap edenden soň peýda boldy.

Ukrain parlamentiniň agzasy “Ukraina we Orsýet tussaglary alyşmagy amala aşyrdy, şol sanda Orsýet tarapyndan geçen ýyl tussag edilen deňizçileri we film direktory Oleh Sentsowy azat etdi” diýdi.

Tussaglaryň alşylandygy baradaky habarlaryň detallary anyk däl.

Baş prokuroryň sözçüsi ýa-da prezident Wolodimir Zelenskiniň sözçüsi şol pursatda düşündiriş üçin bada-bat elýeterli bolmady.

Rus habar agentlikleri bir gün öň ukrain film direktory Oleh Sentsowyň Orsýetiň Arktika regionyndan Moskwadaky tussaghana geçirilendigini habar berdi.

TASS we Interfaks, ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp, 29-njy awgustda Sentsowyň Ýamalo-Nenetsk awtonom etrabyndaky türmeden Moskwadaky 2-nji tussaghana, Butyrskaýa türmesine geçirilendigini habar berdi.

Bu çäre ukrain sudunyň tussagdaky rus žurnalisti Krill Wişinskini azat etmek barada çykaran kararynyň yz ýanyna gabat geldi.

Kiýew bilen Moskwanyň arasynda soňky hepdelerde onlarça tussagy alyşmak hakynda gepleşikleriň barýandygy habar berildi.

Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny ele geçirmegine açyk garşy çykan Sentsow Orsýetde terror aýyplamalarynda aýyplanyp, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol we onuň tarapdarlary bu aýyplamany ret edýär.

XS
SM
MD
LG