Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa we Ukrainanyň tussaglaryň onlarçasyny çalyşmaga taýýarlanýandygy aýdylýar


Geçen ýylyň noýabrynda Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan tussag edilen ukrain deňizçileri 16-njy awgustda geçirilen sud diňlenişigine gatnaşýarlar.
Geçen ýylyň noýabrynda Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan tussag edilen ukrain deňizçileri 16-njy awgustda geçirilen sud diňlenişigine gatnaşýarlar.

Kiýew we Moskwanyň tussaglaryň çalşygyna taýýarlyk görýändigi we bu çäräniň çäginde her tarapdan 33 bendiniň beýleki ýurda tabşyryljakdygy barada habar berilýär. Bu tussaglaryň hatarynda Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan geçen ýylyň ahyrynda tussag edilen ukrain deňizçileriniň hem bolmagynyň ähtimalydygy aýdylýar.

22-nji awgustda giçlik RBK neşiri Russiýadaky ady köpçülige mälim edilmeýän çeşmelerine salgylanyp, Russiýada saklanýan 33 ukrain raýatynyň Ukrainada saklanýan 33 rus raýatyna çalşygynyň ýakyn wagtda amala aşyryljakdygyny habar berdi.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow RBK neşirine beren maglumatynda Moskwa bilen Kiýewiň tussaglaryň çalşygy babatda gepleşikleri geçirýändigini tassyklapdyr, ýöne bu barada jikme-jik maglumat bermändir.

RBK-nyň çeşmeleriniň biri öň ukrain raýaty bolan we häzirki wagt dönüklik aýyplamalary sebäpli Ukrainada saklanýan rus žurnalisti Kiril Wyşinskiýniň sanawa girizilmändigini, sebäbi Moskwanyň onuň dessine boşadylmagyny isleýändigini aýtdy.

Şeýle-de, iki ýurduň arasynda çalşyryljak adamlaryň arasynda ukrain film režissýory Oleh Sentsowyň bardygy ýa-da ýokdygy hem nämälim bolup galýar. 2014-nji ýylda Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegini aç-açan protest eden Sentsowa garşy Russiýada terrorizm aýyplamalary bildirilipdi. Häzirki wagt ol 20 ýyl türme tussaglygyny berjaý edýär. Bu aýyplamalary Sentsow we onuň tarapdarlary ret edýärler.

RBK-nyň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, tussaglaryň çalşygy boýunça işlemek üçin ukrain ombudsmeni Lýudmila Denisowa Moskwa barypdyr. TASS habar agentliginiň 23-nji awgustda beren maglumatyna görä, onuň rus kärdeşi Tatýana Moskalkowa bir günlük sapar bilen Kiýewe barypdyr.

Şeýle-de, 22-nji awgustda rus aklawçysy Walentin Rybiniň TASS habar agentligine aýtmagyna görä, onuň Ukrainada saklanýan üç müşderisi – rus raýatlary Maksim Odintsow, Aleksandr Baranow we Ýewgeniý Mefýodow – “ýakyn gelejekde” amala aşyryljak tussaglaryň çalşygyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde sud proseduralaryndan geçdiler.

21-nji awgustda “Kommersant” gazeti ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiýe ýakyn çeşmelerine salgylanyp, tussaglaryň çalşygynyň awgust aýynyň ahyryna çenli amala aşyryljakdygyny aýtdy. Şeýle-de, habarda Kiýewe iberiljek ukrainleriň arasynda Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan tussag edilen 24 sany ukrain deňizçisiniň bolmagynyň mümkindigi aýdylýar. Bu ukrain deňizçileri geçen ýylyň noýabrynda Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarymadasynyň golaýyndaky Kerç bogazynda tussag edilipdi.

Düýbi Moskwada ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Memorial” merkezi şu hepde Russiýada saklanýan bäş ukrainalynyň – Wolodymyr Baluhyň, Stanislaw Klyhyň, Oleksandr Kolçenkonyň, Pawlo Hrybyň we Mykola Karpýukyň – dürli regionlardaky zähmet lagerlerinden Moskwadaky Lefortowo tussaghanasyna geçirilendigini we munuň tussaglaryň çalşygy bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny mälim etdi.

Kiýew Russiýanyň 150 çemesi ukrain raýatyny bikanun öz territoriýasynda saklaýandygyny aýdypdy. Ukrain resmileri bu sanlary, şu ýylyň iýul aýynda iki ýurduň ombudsmenleri tussaglaryň çalyşmak ähtimallygy boýunça bendileriň sanawyny taýýarlan mahalynda mälim edipdiler.

Tussaglaryň çalşygy üçin kesgitlenen rus raýatlarynyň sanawy hiç haçan köpçülige mälim edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG