Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri žurnalisti bäş ýyl tussaglygyň özüni üýtgetmändigini aýdýar


Žurnalist Seýmur Hazi azatlyga çykdy.
Žurnalist Seýmur Hazi azatlyga çykdy.

Bozgaklykda aýyplanyp bäş ýyl türmede bolan azeri žurnalisti türme tussaglygynyň pikir-garaýyşlaryny üýtgetmegine alyp gelmändigini aýtdy.

Ol özüne bildirilen aýyplaryň syýasy äheňlidigini aýdýar.

Seýmur Hazi 2014-nji ýylyň awgustynda türmä basylmazyndan öň “Azatlyk” atly oppozisiýa gazetinde işledi. Şeýle-de ol telewideniýe diktory we oppozisiýadaky “Populýar front” partiýasynyň agzasy boldy. ol 2015-nji ýylda bozgaklykda günäli tapyldy we bäş ýyl türme tussaglgyna höküm edildi.

“Amnesty International” Hazini wyždan bendisi diýip ykrar etdi. 29-njy awgustda türmeden boşadylan Hazi öz kärdeşlerine we garyndaşlaryna türmäniň öz erkini syndyryp bilmändigini aýtdy.

"Meniň pikir-garaýyşlarym üýtgemedi. Häkimiýetler men susdurmak üçin tussag etmegi buýurdylar... Häkimiýetler tankyda çydap bilmeýändiklerini görkezdiler, olaryň tankyda jogaby diňe ýanamalara ýüz urmak” diýip, Hazi aýtdy.

XS
SM
MD
LG