Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýadaky syýasatçylar Tekebaýew we Çotonowy öý tussaglygyna geçirildi


Suduň karary iki erkegiň sud binasynyň daşynda toplanan 200-den gowrak tarapdary we garyndaşy tarapyndan uly şatlyk bilen garşy alyndy.
Suduň karary iki erkegiň sud binasynyň daşynda toplanan 200-den gowrak tarapdary we garyndaşy tarapyndan uly şatlyk bilen garşy alyndy.

Bişkek sudy türmede saklanylýan oppozision syýasatçylar Ömürbek Tekebaýewi, Duýşenkul Çotonowy öý tussaglygyna geçirmek barada karar çykardy.

Birinji Maý etrap sudunyň 29-njy awgustdaky karary bu iki erkegiň sud binasynyň daşynda toplanan 200-den gowrak tarapdary we garyndaşy tarapyndan uly şatlyk bilen garşy alyndy.

Tekebaýew we Çotonow karar yglan edilen badyna azatlyga goýberildi.

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy 21-nji awgustda bu iki syýasatçynyň garşysyna çykarylan günäli hökümini ýatyrdy we olaryň işlerini, “täze tapylan deliller bilen baglylykda” gaýtadan seretmek üçin, yzyna iberdi.

Tekebaýew we onuň iş şärigi, ozalky adatdan daşary ýagdaýlar ministri Çotonow, para almakda aýyplanyp, hersi sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Olaryň ikisi hem özleriniň jenaýat edendigi barada aýdylýanlary ret etdi.

Aklawçylar bu işdäki esasy şaýadyň, rus biznesmeni Leonid Maýewskiniň sud mahalynda ýalan sözländigini aýdyp, hökümden şikaýat etdiler.

Oppozisiýadaky “Ata-Meken” partiýasynyň lideri bolan Tekebaýew bu işiň syýasy äheňlidigini, özüni 2017-nji ýylyň oktýabryndaky prezident saýlawlaryndan çetleşdirmek üçin toslanyp tapylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG