Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşkentde gurluşyk hadysasynda dört adam öldi, iki adam ýaralandy


Özbek we koreý premýerleri Daşkentde Koreýa Medeniýet öýüniň düýbüini tutýar. Arhiw suraty

Daşkentde gurluşyk meýdançasyndaky metal binanyň karkasynyň çökmegi netijesinde dört işçi heläk boldy, iki işçi ýaralandy.

“Tower MMG” gurluşyk kompaniýasynyň 28-nji awgustda çap eden beýanatynda bu hadysanyň özbek paýtagtynyň “Riwiera” söwda merkezindäki gurluşyk meýdançasynda bolandygy aýdylýar we pidalaryň maşgala agzalaryna gynanç bildirilýär.

Beýanatda aýdylmagyna görä, gurluşyk meýdançasyndaky ähli iş togtadyldy we bolan hadysanyň derňewi başlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG