Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Belarusda okaýan studentleri okuwa goýbermeýär


Täjigistanda okaýan türkmenler
Täjigistanda okaýan türkmenler

Türkmenistan ýaşlaryň bilim almak hukuklaryny çäklendirmegini dowam etdirýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri, redaksiýa ýüz tutan studentleriň sözlerine salgylanyp, Belarusyň ÝOJ-larynda okaýan türkmenistanly studentleriň ýurtdan okuwa goýberilmeýändigini habar berýär.

Okuwa goýberilmedik studentler özleriniň Belarusda okaýan döwlet okuw jaýlarynyň diplomlarynyň şu ýyldan başlap Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek okuw jaýlarynyň sanawyna girýändigini aýratyn nygtapdyrlar.

Şol bir wagtda gümrük gullugynyň işgärleriniň studentleriň ýoldan saklanmagynyň, ýagny uçara goýberilmezliginiň sebäplerini düşündirmän, diňe “bolanok” diýen jogap bilen çäklenýändigi habar berilýär.

Azatlyk radiosy golaýda Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanlylaryň sanynyň şu ýyl çürt-kesik azalandygyny, mysal üçin Duşenbäniň pedagogika uniwersitetine Türkmenistandan diňe üç okuwçynyň girendigini habar berdi.

Azatlygyň Täjik gullugynyň habarçysy bu okuw jaýynda öňki ýyllarda türkmen abuturientleriň sanynyň 1000 adamdan köp bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG