Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň ÝOJ-da türkmen studentleriniň sany şu ýyl çürt-kesik azaldy


Täjigistanyň ýokary okuw jaýy
Täjigistanyň ýokary okuw jaýy

Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanlylaryň sany şu ýyl çürt-kesik azaldy.

Täjigistanyň bilim resmileriniň mälim eden soňky sanlaryna görä, şu ýyl diňe bir Duşenbäniň pedagogika uniwersitetine Türkmenistandan diňe üç adam giripdir.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysy şu ýyl Täjigistanyň bu ýokary okuw jaýynda Türkmenistandan diňe üç okuwçynyň bilim aljagyny, geçmişde bolsa, bu ýerde türkmen abuturientleriň sanynyň 1000 adamdan köp bolandygyny belleýär.

«Türkmenistanyň raýatlary biziň ýokary okuw jaýymyza iki ýurduň bilim ministrlikleriniň arasyndaky ylalaşygyň esasynda, synaglary tabşyrandan soň girýärdi.Türkmen studentleri geografiýa, himiýa, fizika we matematika fakultetlerini köp saýlaýardy” diýip, Täjigistanyň döwlet pedagogika uniwersitetiniň mugallymy Hobil Zakirzoda aýdýar.

Resmi maglumatlara görä, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda häzir 2 müň çemesi türkmenistanly bilim alýar, olaryň köpüsi pedagogika ugruny saýlap alýarlar. Emma 2017-nji ýylda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda 4 müň çemesi türkmenistanly okaýardy.

Täjigistanda bilim alýan türkmenistanly studentleriň sany geçen okuw ýylynyň dowamynda azalyp başlapdy. Şonda täjik resmileri munuň sebäbini türkmenistanly studentleriň öz ýurduna gidensoň gaýdyp gelmeýändigi bilen düşündiripdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we diňleýjileri türkmenistanly serhetçileriniň täjigistana okuwa barýan ýaşlary serhetden geçirmeýändigi barada ençeme gezek habar beripdi.

Şol bir wagtda-da, türkmenistanly studentler Täjigistanda okamagy öz ýurduna garanda maddy taýdan has elýeterli hasaplaýarlar.

Meselem, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim almagyň resmi bahasy ortaça 500 dollara barabar bolsa, Türkmenistanda okuwa girmek üçin soralýan paranyň möçberi ortaça 16 müň dollara barabar bolýar.

Täjigistanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, şu ýyl Täjigistanyň ýokary okuw jaýlaryna 4 müň daşary ýurtly okuwa giripdir, olaryň arasynda şu ýyl özbegistanlylaryň sany köpelipdir. Täjigistanyň diňe Pedagogika döwlet uniwersitetine Özbegistandan 2000 adam okuwa giripdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG