Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gepleşiklere garamazdan, “Talyban” ikinji owgan şäherine hüjüm edýär


Goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Asadullah Khalid Gunduzda esgerler bilen gürleşeýär. 31-nji awgust, 2019.

ABŞ-nyň ýörite wekiliniň gepleşikçiler 18 ýyllyk konflikti soňlamagyň bosagasynda dur diýendigine garamazdan, “Talyban” jeňçileri ikinji owgan şäherine garşy uly hüjüme başlady.

Strategiki taýdan möhüm şäher Gunduza edilen ganly hüjümden bir gün soň, “Talyban” jeňçileri 1-nji sentýabrda Baglan welaýatynyň paýtagty Puli Kumri şäherine garşy hüjüme geçdi diýip, polisiýanyň başlygynyň sözçüsi aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi jeňçileriň Puli Kumri töwereklerinde iki ýerde pozisiýa eýeläp, owgan howpsuzlyk güýçleri bilen söweşýändiklerini aýtdy.

"Tutuş şäher ýapyldy” diýip, Baglan welaýat geňeşiniň başlygy Safdar Muhsini aýtdy. “Eger-de merkezi hökümet çalasyn herekete geçmese, ýagdaý ýaramazlaşyp biler.”

Barýan söweş barada ýa-da hüjüm edýän güýçleriň möçberi baradaky goşmaça detallar bada-bat elýeterli bolmady.

Hüjüm ABŞ-nyň parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzadyň twitterde ABŞ we “Talyban” gepleşikçileri ylalaşygy jemleýärler, olar Katarda gepleşikleriň sekizinji tapgyryny tamamladylar diýip galdyran beýanatyndan biraz öň başlandy.

"Biz zorluklary azaltjak we owganlaryň bilelikde oturyp, dogruçyl we daýanykly parahatçylyk barada gepleşmegine gapy açjak ylalaşygyň bosagasynda durus” diýip, ol ýazdy.

Ol ylalaşygyň hiç bir aýratyn detalyny açmady we özüniň şol gün giçlik Kabula ugrap, ol ýerde hökümet resmileriň bilen geňeşjekdigini sözüne goşmak bilen çäklendi.

Ady aýdylmadyk “Talyban” gepleşikçisi “Roýters” habar gullugyna “Zalmaý Halilzad Kabula gidip, owgan ýolbaşçylaryny parahatçylyk gepleşiklerine gelnen kararlar barada habarly edýän wagtyndabiz bu ýagdaýlary öz ýolbaşçylarymyz bilen maslahatlaşarys” diýdi.

Owgan resmileri “Talyban” jeňçileriniň 31-nji awgustda Gunduza, demirgazykdaky strategiki taýdan möhüm şähere dürli tarapdan hüjüm edendiklerini, azyndan 15 adamy öldürip, 75 adamy ýaralandyklaryny aýtdylar.

Içeri işler ministrligi 1-nji sentýabrda "Talyban" jeňçileriniň Gunduza hüjüminde azyndan 25 adamyň, şol sanda 20 owgan esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

Söweş wagtynda azyndan 85 adam, şol sanda owgan howpsuzlyk güýçleriniň esgerleri we asuda adamlar ýaralandy diýip, Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi ​aýtdy.

Ol şäheriň häzir "Talybandan" doly arassalanandygyny hem sözüne goşdy.

Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň edarasy owgan howpsuzlyk güýçleriniň şäheriň käbir böleklerinde bu hüjümi yzyna serpikdirendiklerini aýtsa, beýleki resmiler 30-dan gowrak jeňçiniň öldürilendigini gürrüň berdiler.

“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahid twitterde bu hüjümi “giň gerimli” diýip häsiýetlendirse, Gunduz polisiýasynyň sözçüsi hüjümiň “massiw” we “ýygjam” söweşler bilen utgaşandygyny aýtdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi Gunduz şäheriniň üç ýerinde geçirilen gury ýer we howa operasiýalary netijesinde azyndan 34 jeňçiniň öldürilendigini, arassalaýyş işleriniň dowam edýändigini aýtdy.

Prezidentiň sözçüsi Sedik Seddiki žurnalistlere hüjümiň Birleşen Ştatlar bilen “Talyban” arasynda geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerine “düýpden ters gelýändigini” aýtdy.

Gepleşiklerde ylalaşyk gazanylmagy parahatçylyk şertnamasyna, şol sanda ABŞ güýçleriniň ýurtdan çykarylmagynyň senesiniň belli edilmegine ýol açar öýdülýär.

Halilzad 31-nji awgustda twitterde “şu gün men gepleşiklerde Gunduz hüjümi meselesini gozgadym, “Talybana” bu hili zorluklaryň togtadylmalydygyny aýtdym” diýdi.

Halilzad Owganystanda ABŞ güýçlerine komandirlik edýän general Scott Milleriň hem, şäheri goraýan owgan güýçlerine kömek etmek üçin, Gunduza gelendigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 30-njy awgustda Birleşen Ştatlar “Talyban” bilen gowy gepleşikler geçirdi, ýöne entek ylalaşyk baglaşylanok diýdi.

Tramp 29-njy awgustda Birleşen Ştatlar Owganystanda hatda ylalaşyk baglaşylandan soňam güýç goldawyny dowam eder diýdi.

“Talyban” ýurtdaky daşary ýurt güýçleriniň doly çykarylmagyny uzak wagt bäri talap edýär.

Owganystanda häzir 20 müň çemesi daşary ýurt esgeri bar, olaryň köpüsi amerikan bolup, owgan güýçlerine tälim, geňeş berýän ABŞ-NATO missiýasynyň bir bölegini düzýär.

ABŞ güýçleriniň käbir bölekleri terrora garşy operasiýa geçirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG