Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Britaniýada onlarça müň adam premýer-ministriň parlamenti togtatmagyna garşy proteste çykdy


Downing Streetiň garşysynda Boris Jonson maskasyny geýen protestçi. London.

Britaniýada onlarça müň adam premýer-ministr Boris Jonsoň gapma-garşylykly karar esasynda britan parlamentiniň işini ýurduň Ýewropa Bileleşiginden çykmaly wagtyndan hepdeläp öň togtatmagyna garşy köçe protestlerine çykdy.

Müňlerçe adam 31-nji awgustda Londonda, Downiň Streetiň derweseziniň daş işiginde jürlewük çalyp, deprek kakyp, “Boris Jonson, utan, haýa et!” diýip gygyrdylar.

Beýleki şäherlerde, şol sanda Mançester, Newcastle, Bristol we Belfast şäherlerinde “Agdarylyşygy togtat” diýen şygar astynda demonstrasiýa guraldy.

Bu protestleriň gurnalmagyna Breksite, ýagny Ýewropa Bileleşiginden çykyş prosesine garşy durýan “Başga Ýewropa hem mümkin” atly topar çagyryş etdi.

Jonsonyň parlamenti ýapmak çäresi kanun çykaryjylaryň ÝB-den çykyş prosesini maslahatlaşjak wagtyny kesgin azaldar. Bu hökümete parlamenti 9-njy sentýabrdan 14-nji oktýabra, Breksitiň 31-nji oktýabra bellenen soňky möhletiniň öň ýanyna çenli togtatmaga ygtyýar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG