Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain we polýak prezidentleri Warşawada Orsýet hakynda gürleşdi


Ukrain prezidenti Wolodimir Zelenskiý polýak kärdeşi Andrzej Duda bilen. Warşawa, 31-nji awgust, 2019.

Ukrain prezidenti Wolodimir Zelenskiý polýak halkyna “Orsýet agressiýasynyň kyn pursatlary mahalynda beren ähli goldawlary üçin” sagbolsun aýtdy.

Ol bu sözleri 31-nji awgustda Warşawada, polýak prezidenti Andrzej Duda bilen bilellikde çykyş eden metbugat ýygnagynda aýtdy.

Zelenskiý Dudanyň özüne, “eger-de özygtyýarlylyga, garaşsyzlyga we ukrain topraklarynyň bitewiligine gezek gelse, maňa bil baglap bilersiň” diýendigini aýtdy.

Zelenskiý Polşa 31-nji awgustda, Ukrainanyň täze bellenen hökümetiniň syýasatlary, ýurduň ÝB bilen baglanyşyklary, gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň aprelinden bäri Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen barýan we 13 müňden gowrak adamyň başyna ýeten söweşler barada gürleşmek üçin, iki günlük sapar bilen geldi.

1-nji sentýabrda ol Warşawada Ikinji Jahan urşunyň başlanmagynyň,gitlerçi Germaniýanyň 1939-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Polşa çozmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalýan çärelere gatnaşýar.

Bu çärä gatnaşmak üçin 40 ýurduň liderleri geldi. Germaniýanyň prezidenti öz ýurdunyň uruş başlanmagyndaky jogapkärçiligini nygtap, pidalardan ötünç sorady.

Orsýeti bu çärä çagyrmadylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG