Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa harby desgany urdum diýýär, pitnçeiler asuda adamlar öldürildi diýýär


Dhamar welaýaty. Arhiw suraty
Dhamar welaýaty. Arhiw suraty

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalsiýa 1-nji sentýabrda Ýemende, huthileriň paýtagt Saananyň günortasyndaky harby nyşanalaryna howa zarbasyny urandygyny aýtdy. Gogalaňçylar bu hüjümde onlarça adamyň ölendigini aýtdylar.

Howa zarbalary Dhamar şäherindäki tussaghana merkezini urup, azyndan 60 adamy öldürdi diýip, Ýemeniň huthi pitneçileri aýtdylar.

"Harabalaryň aşagyndan 60 jeset çykaryldy, 50 adam bolsa ýaralandy" diýip, al-Hadiri al-Masirahda, houthilere tarapdar telewideniýä aýtdy.

Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Ýemendäki delegasiýasynyň başlygy Franz Rauchenstein özüniň bu ýagdaýy barlamak üçin Dhamara ugraýandygyny aýtdy.

"Biz bu maglumatlara örän çynlakaý garaýarys. Men, ýagdaýlara baha bermek üçinDahmara barýaryn” diýip, Rauchenstein aýtdy.

Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa özleriniň, “halkara ynsanperwerçilik kanunlaryna laýyklykda”, huthileriň Dhamarda dronlary we raketalary saklamak üçin ammar edip ulanýan harby desgasyny urandyklaryny aýdýarlar.

Koalisiýa özüniň siwil, asuda adamlary goramak üçin çäre görendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG