2-nji sentýabrda Bahamalarda Dorian tupany sebäpli bäş adam öldi we başga-da 21 sanysy ýaralandy diýip, dpa habar agentligi premýer-ministr Hubert Minnise salgylanyp habar berdi.
Minnis güýçli siliň gelmegine, üçekleriň agdarylmagyna we agaçlaryň ýykylmagyna sebäp bolan tupany “deňi-taýy bolmadyk” diýip atlandyryp, ýurduň “taryhy betbagtçylygyň ortasyndadygyny” aýtdy.
Apy-tupanyň derejesi 4-nji kategoriýa çenli pese gaçan hem bolsa, ol Bahama adalaryna zyýan ýetirmegi dowam etdirýär. Sebäbi ýokary atmosferanyň asudalygy we onuň hiç bir tarapa ugrukmaýandygy sebäpli apy-tupan şol bir duran ýerinde saklanyp galýar.
Düýbi Maýamide ýerleşýän Apu-tupan boýunça milli merkeziň beren maglumatyna görä, 2-nji sentýabrda ýerli wagt bilen gije sagat 11:00 töweregi “örän güýçli Dorian tupany öz ýerinde saklanyp galýar we Grand Bahama adasyna zyýan ýetirmegini dowam etdirýär”.