Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Konguň lideri mümkinçilik bolsa wezipesinden çekiljekdigi barada çykan habarlary ret edýär


Hong Konguň lideri Karrie Lam
Hong Konguň lideri Karrie Lam

Hong Konguň lideri Karrie Lam özüniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda biznes liderleriniň öňünde eden çykyşynyň syzdyrylan audio ýazgysy Reuters tarapyndan çap edilenden soňra, eger mümkinçilik bolsa wezipesinden çekiljekdigi barada çykan habarlary ret edýär.

3-nji sentýabrda Lam özüniň “wezipeden çekilýändigi barada hiç haçan arza tabşyrmandygyny” aýtdy, ýöne ol audio ýazgynyň hakykylygyny inkär etmedi.

Audio ýazgyda Lamyň “Hong Kongda uly bulaşyklygyň döremegine sebäp bolan baş ýerine ýetirijini bagyşlap bolmaz. Eger mümkinçiligim bolsa, ilki bilen wezipämden çekilerdim” diýýän pursadyny eşitse bolýar.

Lam Hong Kongdaky jenaýat şübhelilerini Hytaýa ekstradisiýa etmäge mümkinçilik berjek kanun taslamasyny goldap çykyş edenden soňra, Aziýanyň maliýe merkezinde hökümete garşy protestler döredi. Bu protestler indi 12 hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýär.

XS
SM
MD
LG