Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulyň ilçihanalar etrabynyň golaýynda bolan partlamada azyndan 3 adam öldi


Kabulyň gündogar mähellesinde uly partlama boldy. 5-nji sentýabr, 2019.
Kabulyň gündogar mähellesinde uly partlama boldy. 5-nji sentýabr, 2019.

5-nji sentýabr güni irden Kabulyň gündogar mähellesinde, ilçihanalaryň, hökümet binalarynyň we NATO-nyň ýerli edarasynyň ýerleşýän ýeriniň golaýyndaky barlag nokadynda bolan ulag partlamasynda azyndan üç adam öldi.

Hüjümiň jogapkärçiligini "Talyban" öz boýuna aldy.

Bu şu hepde, ABŞ bilen "Talybanyň" we owgan hökümetiniň 18 ýyllyk konflikti soňlamak üçin ylalşyk synanyşyklarynyň ýygjamlaşyp, jemleýji pursatyna golaýlan wagtynda owgan paýtagtynda bolan ikinji uly hüjüm bolup durýar.

“Roýters” ady aýdylmadyk hökümet resmilerine salgylanyp, janyndan geçen bombaçynyň özüni partladandygyny habar berdi.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi partlaýjy ýüklenen mini awtobusyň ýerli wagt bilen 10:10-da Şaş Darak etrabynda partladylandygyny aýtdy.

AP hassahana resmisine salgylanyp, ölen üç adamdan başga 30 adamyň ýaraly bolandygyny habar berdi.

ABŞ we “Talyban” wekilleri 18 ýyla çeken konflikti soňlamak üçin ylalaşygy jemlemäge çalyşýarlar.

“Prinsipde” gelnen ylalaşygyň häzir owgan hökümet resmileriniň arasynda, Waşingtonda we “Talyban” ýolbaşçylarynyň içinde maslahatlaşylýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG