Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana sapar eder


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nurlan Nyýazlyýew Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşdy diýip, Kabar.kg neşiri habar berýär.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy, şeýle-de iki ýurduň regional we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary hakynda maslahatlaşdylar.

GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň geljekki duşuşygyna, şeýle-de Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana etjek jogap saparyna öz wagtynda we ýokary hilli taýýarlyk görülmegi örän möhüm” diýip, N.Nyýazlyýew nygtady.

Mundan öň türkmen prezidenti Gyrgyzystana 2015-nji ýylyň awgustynda sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG