Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Han Pakistanyň ýollaryndaky korrupsiýanyň “köküni köwlemek” isleýär


Pakistanyň premýer-ministri Imran Han. Arhiw suraty

Pakistanyň premýer-ministri Imran Han häkimiýetlere ýurduň port şäheri Karaçiden Owganystan bilen aradaky serhede barýan uly ýollarynyň ikisinde barlag nokatlarynda kök uran korrupsiýanyň “köküni köwlemek” üçin çäre görmegi buýurdy.

Hanyň edarasynyň 4-nji sentýabrda çap eden beýanatynda onuň ýol ugrunda ýük gatnadyjylara döwlet gullukçylary, şol sanda polisiýa, gümrük, kenar goragy, ýarym harby güýçler tarapyndan salynýan bikanun salgytlardan habardar edilendigi aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Karaçi-Torham we Karaçi-Çaman ýollarynda ýük gatnadyjylardan we täjirlerden bikanun alnan pullar “ýokary derejelerde we dürli wezipeli emeldarlaryň arasynda paýlaşylýar”.

Hanyň hatynda degişli guramalaryň bu ýagdaýy derňemegi, düzgünleri öwrenmegi we mümkin bolan ýerlerinde barlag nokatlarynyň sanyny azaltmaklary tabşyrylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG