Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaşgaderýada gaýynene 26 ýaşly gelnini hem 2 ýaşly agtygyny wagşylarça öldürmekde güman edilýär


Illýustrasiýa suraty. 
Illýustrasiýa suraty. 

Kaşgaderýa welaýatynyň Guzar raýonyndaky Ýangikent obasynyň 50 ýaşyndaky ýaşaýjysy 26 ýaşly gelnini hem 2 ýaşly ogul agtygyny wagşylarda öldürmekde güman edilip saklandy. Köp ýerinden pyçak bilen ýaralanyp ýogalanyň jesedi 28-nji awgustda aýan edildi. Ony öldürmekde güman edilýän şo gün tussag edildi.

Guzar raýonyndan garaşsyz iki çeşmäniň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, Ýangikent obasynyň 50 ýaşyndaky ýaşaýjysy A.A. öz gelni R. E-ni hem onuň entek iki ýaşyny-da doldurmadyk ogly A-ny öldürip, jesedi odeýala dolap, olaryň ýatan jaýynda goýupdyr.

Ahlak kadalaryndan ugur alyp, Azatlyk Radiosy olaryň doly atlaryny hem familiýalaryny açyk aýtmakdan saklanýar.

Çeşmäniň sözüne görä, 26 ýaşly gelniň hem onuň kiçi ýaşly çagasynyň ölümi 28-nji awgustda ýüze çykypdyr. Olar A.A-yň öýünde eken. Prokuraturanyň hem derňew bölüminiň işgärleri barlag işlerini alyp barýarlar.

Pida bolanyň hossarlarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ölüme getiren bu hadysanyň sebäbi gaýyn-gelip arasyndaky uzaga çeken çaknyşyk diýilýär. Olaryň sözüne görä, 50 ýaşly gaýyn bilen gelniň arasynda dürli dawalar häli-şindi ýüze çykyp durupdyr.

– Ol aýalyň maşgalasynda birnäçe ogly bar. Ýogalan R.E-niň adamsy Moskwada eklenç hyzmatynda. Gelniň gaýynenesi öweý, ýagny adamsynyň öweý ejesi bolmaly. Ol aýal gelnine şol jaýda ýaşamaga rugsat bermeýändigi üçin, olaryň arasynda dawa köp ýüze çykýardy. 28-nji awgustda, takmynan gije sagat 2-3 töwereginde, gaýynene gelniniň ýatan otagyna girip, gelnini hem agtygyny birnäçe gezek pyçaklapdyr. Aýdyşlaryna görä, ýaş gelniň teninde abat ýeri galmandyr. A.A. ýaş enäni hem onuň çagasyny öldürensoň, olary odeýala orapdyr – diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Şu maşgalanyň beýleki bir garyndaşynyň sözüne görä, gaýynene şol gün bu mähelläniň ýolbaşçysyna ýüz tutup, gelni bilen agtygynyň öli tapylandygyny habar beripdir.

– Ol aýal mähelläniň ýolbaşçysynyň ýanyna baryp: «Gelnim bilen agtygym günortana çenli ýatan jaýyndan çykmadylar. Girip görsem, olaryň ikisi-de öli eken» diýip, ýagdaýy boýun alypdyr. Şol günüň özünde olaryň öýüne milisiýanyň hem prokuraturanyň birnäçe gullukçysy geldi – diýip, rehimsiz ölüm ýüze çykan maşgalanyň garyndaşlaryndan biri aýdýar.

Prokuratura golaý bolan çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şol ölüm ýüze çykan güni diňe gaýynene däl, öldürilen gelniň gaýyn atasy hem saklanypdyr. Barlag wagtynda gaýynene gelnini ýowuzlyk bilen öldürendigini boýun alypdyr.

Guzar raýonynyň prokuraturasynyň nobatçysy ganly hadysanyň bolandygy barada biziň Radiomyza gowşan habary tassyklady, şonuň bilen birlikde-de onuň takyk detallaryny aýdyp bilmejekdigini mälim etdi.

Prokuratura golaý bolan çeşme gelnini hem agtygyny öldürmekde güman edilýän 50 ýaşyndaky A.A. raýon milisiýasynyň izolýatorynda – wagtlaýyn tussaghanasynda saklanýar diýdi.

Bu jenaýat işi baradaky derňew birnäçe aý dowam eder diýlip garaşylýar.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG