Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ kanun çykaryjylary Orsýetiň saýlaw “kemçiligini”, ses berişlikden öňki basyp ýatyrmalaryny ýazgarýar


Moskwadaky protestçilere çäre görülýär.
Moskwadaky protestçilere çäre görülýär.

5-nji sentýabrda çap edilen beýanata görä, ABŞ-nyň iki sany ýokary derejeli kongresmeni Orsýeti hepde ahyrynda Moskwada we Sankt-Peterburgda geçiriljek saýlawlaryň “azat geçirilmegini” üpjün edip bilmezlikde ýazgardy.

Bu ýazgaryş Orsýetiň oppozisiýa wekilleriniň we garaşsyz kandidatlaryň saýlawa goýberilmezligine gahary gelen protestçileri jogapkärçilige çekmegi dowam edýän wagtyna, rus häkimiýetleriniň Kremliň iň tanymal tankytçylarynyň biri Alekseý Nawalnynyň edarasyna reýd geçiren pursatyna gabat geldi.

Amerikan kongresmeni, Wekiller öýüniň daşarky meseleler komitetiniň başlygy Eliot Engel (Demokrat-Nýu-Ýork) we öňdebaryjy respublikan Maýkl Makkol (Michael McCaul, Tehsas) Orsýetiň köçelerinde saýlawlaryň azatlygy üçin hepdeläp geçirilen ýygnanyşyklar,Kremliň beren gaýtawuly bilen goşulyşyp, rus halkynyň[Orsýetiň prezidenti] Wladimir Putiniň hökmürowan dolandyryşyndan nähili irendigini görkezdi diýdi.

Olar Orsýeti parahatçylykly demonstrasiýalara garşy ulanýan zorluk, sütem çäreleriniň ählisini bes etmäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG