Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro ylalaşygyndan soňky daşlaşmalaryny tassyk edýär


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Tähran Ýewropa Bileleşigine özüniň 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen gelnen ýadro ylalaşygynda boýun alan çäklerinden çekilip, Birleşen Ştatlar ylalaşykdan çekileli bäri bu şertnama astynda öz üstüne alan borçlaryny has kemeldendigini aýtdy.

Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 6-njy sentýabrda ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherinä hat ýazyp, bileleşigi bu ýagdaý bilen habarly etdi.

Ekspertler bu çäklendirmeleri R&D hökmünde häsiýetlendirýärler, ol Bilelikdäki hemme taraply hereket planynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar.

Eýranyň mediasy ýurduň Atom energiýasy guramasynyň Tähranyň indiki görjek çäreleri barada 7-nji sentýabrda guraljak metbugat ýygnagynda jikme-jik maglumat berjekdigini aýdýar.

Fransiýa 5-nji sentýabrda Eýrany öz üstüne alan borçnamalaryndan çykýan we dartgynlyklary gowşatmak tagallalaryna päsgel berjek hiç bir anyk çäre görmezlige çagyrdy.

Britaniýanyň daşary işler edarasy Tähranyň öz ýadro gözlegleri we ösüşi boýunça boýun alan çäklendirmelerinden çykmak plany “düýpli alada döredýär” diýdi.

XS
SM
MD
LG