Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml tankytçysy Sergeý Petrow gözlenilýän adamlaryň sanawyna girizildi


Sergeý Petrow
Sergeý Petrow

Kreml tankytçysy we ozalky kanun çykaryjy Sergeý Petrow 2014-nji ýylda Orsýetden 4 milliard rubly ($63.5 million) bikanun çykarmakda aýyplanyp, gözlenilýän adamlaryň sanawyna girizildi.

Moskwanyň Basmannyý etrap sudy 6-njy sentýabrda häzir daşary ýurtda ýaşaýan Petrowyň bu sanawa federal derňew komitetiniň ony gaýybana sud etmek talaby esasynda girizilendigini aýtdy.

64 ýaşyndaky Petrow Orsýetde “Rolf” ady bilen import edilýän awtomobilleriň söwdasyny ýola goýdy we 2007-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda rus parlamentiniň deputaty boldy. Ol jübi parlamenti diýip bilinýän mejlisde iň bir erkin pikirli deputatlaryň biri hasaplanýardy.

Beýleki işleriniň gapdalyndan, Petrow rus çagalarynyň amerikan raýatlary tarapyndan ogullyga we gyzlyga alynmagyny gadagan edýän kanun taslamasyna, ABŞ raýatlarynyň Orsýete syýahat etmegine çäklendirme girizilmegine garşy ses berdi.

Mundan başga, ol hukuk goraýjy guramalaryň ygtyýarlyklarynyň artdyrylmagyna, maglumat toplamak üçin täze talaplaryň girizilmegine garşy çykdy.

Şeýle-de ol 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym regionynyň anneksiýa edilmegi baradaky parlament ses berişligine gatnaşmady.

Petrow 28-nji iýunda AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde özüne bildirilýän aýyplamalary ret etdi we olaryň syýasy äheňlidigine ynanýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG