Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran ýadro ylalaşygyny bozýana meňzeýän çärelere ýüz urýar


Eýranyň Atom energiýasy guranmasynyň sözçüsi Behruz Kamalwandi

Eýranyň ýadro agentliginiň sözçüsi öz ýurdunyň kämilleşdirilen sentrifugalary uran gazy bilen doldurmaga başlandygyny aýtdy, bu çäre Tähranyň dünýä döwletleri bilen 2015-nji ýylda baglaşan ylalaşygynyň düzgünlerini bozýar.

Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň sözçüsi Behruz Kamalwandi 7-nji sentýabrda, Tähran özüniň bu şertnama astyndaky borçnamalaryny has azaltjakdygyny yşarat edeninden iki gün soň, bu işiň başlanandygyny yglan etdi.

Birleşen Ştatlar Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan geçen ýyl çykdy, emma oňa gol çeken beýleki döwletler şertnamany saklamaga çalyşdy.

Kamalwandi Tähranyň “sentrigugalaryň täze görnüşleri üstünde hem işlejekdigini” aýtdy.

"Edil häzir bize onuň geregi ýok, emma sentrifugalaryň täze görnüşlerini işläp düzmek biziň işimiziň gün tertibinde durýar” diýip, “Roýtersiň” maglumatyna görä, ol döwlet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýtdy.

Bu hili ädimler, eger Eýran edinmek islese, onuň ýadro ýaraglaryny öndürmek üçin gerek materiallaryny toplamak wagtyny azaldar.

Tähran, Günbataryň aýyplamalaryna we ozalky gizlin harby maksatlaryna garamazdan, öz ýadro ambisiýalarynyň diňe parahatçylyk maksatlydygyny ýyllar boýy aýdyp gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG